Bir taraplaýyn söýgi.
Söýmek we söýülmek bagtmy? Ýok! Söýülmek bolanda söýeniň seni söýse ana şol bagt. Eger söýeniň seni söýmese, adam iç-içinden ýykylmak bilen bolýar. Öz süňkini özi gemirmek bilen bolýar.
Bir taraplaýyn söýgi iň azaply duýgydyr. Yhlasyň ýerine düşmese iň erbedi şol. Jogapsyz söýgi durmuşa bolan höwesiňi, geljegiňe bolan ynamyňy, bar zadyňy alýar.
Garaz sanap otursam yzy gidiberýä. Ýöne mowzugymyň esasy maksady sende birtaraplaýyn söýgi bar bolsa boldy sen içden ýykylýaň diýmek däl-de, saňa hakykaty görkezmek. Seniň söýgiňe mynasyp däl, seni sömeýän birini söýmekden näme peýda? Geç! Ýoook geçmek kyn, egerde diňe şoňa bolan söýgiň bilen ýaşasaň! Geç! Hawaaaa geçmek aňsat, eger başga birini tapsaň! Birini unutmagyň birje, ýeke-täk ýoly bar, olam ýene biri. Şony unutdyraýjak, özüňi söýjek birini tap! Söýmeseňem söýýän diý, söýýän söýýän diýseň söýer gidersiň! Durmuş diýilýä muňa! Öz aýagyňda mäkäm durmany öwrenmeli! Öziňi aldama "men başgasyny söýüp bilmeýän" diýip! Sen söýüp bilýäň başgasyny, başga ýene ýüzisini söýüp biljek ýürek bar sende. Hany, onda....
Birtaraplaýyn söýgi//näme etjek?
-
Hommadov
5 years ago
- 🖒🖒🖒
-
Babaniyazow J
5 years ago
- догры айтйан дос. Йоне мен башга бирини сойжек болуп гордум баша бармады. Дине онкижами куйсейан😢
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- Babaniýazow Osoň?
-
Babaniyazow J
5 years ago
- Мен соййан. Ол сойемок диййар йоне бир гун жан етмесем мени ятланок дийип ози жан етйар я.да смс язйар...
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- Babaniýazow hawa şeýle ýagdaýam bolýar. Özüm
-
enkaaa
5 years ago
- Babaniyazow seni idap bashlan bolsa onda ol gyzyn sende gowni barmyka dian.... dowam ediber belki yolunyz biriger chynyn bilen islesen
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- enkajan şeýdip idäberseň, öwrenişip gitseň osoň.soňam bolmasaöz ýüregiňi ýaralanyň.bolmaýamy? aýdyp otursam yzy köp, i di mowzuk ýazjaga
-
Babaniyazow J
5 years ago
- Догры айтйан дос
AndroidHacker 5 years ago- 🤔🤔🤔