Hemme zat gowy başlapdy. Gowy dowam edýädi. Haçanda meniň daýzam, ýagny adamymyň ýeňňesi ara girmeýänçä. Hiç kimden gizlämizokdyk söýgimizi. Hemme zada garşy bile aýakda durmaga taýýardyk.
Aradan 1,5 ýyl geçdi. Öý eýämiziň oglunyň meni soramagy bilen bar zat üýtgedi. Daýzamyň yňňyrdysy halys degnama degdi. Onuň meň durmuşuma goşulşmana haky ýokdy. Ýöne ol hut tersini etdi. Meniň ähli işlerime goşulyşdy, gitjek ähli ýerlerime özi äkitdi.Beýleki garyndaş-larmyzyňam berýän dana maslahatlaryndan irdim. Baý ýermiş, näme edeýin baýlygyny. Iň soňunda ejeme diýdim: "Eje, söýýänimiň barlygyny bilýäň. Eger öý eýämiziň oglyna durmuşa çyksam bu meniň ölümim bolar. Gel, meni söýenime ber. Sen meň ejem, meni bagtly etmek seň borjuň. Men näme bolsada seni taşlap gitmedim. Seniň başyň ýere egilmesin, ýüzüň gara bolmasyn diýip onuň bilen gaçyp gitmedim. Meniň ýerime kimem bolsa, ejesiniň düşjek ýagdaýyny oýlamazdan gaçar giderdi. Men beýtmedim. Sebäbi men seni sylaýan,gowy görýän.Ýöne onam gowy görýän, söýýän. Sen bolýa diýseň, bolany. Daýzamyňam agzyny özüm ýapýan. Galanyny maňa goýup ber". Emma ejem meniň munça gaýratymyň tersine, razy bolmady. Maňa "Ölsemem seni şoňa bermerin, eger şony saýlasaň jynazamada gelme" diýdi. Dünýäm başyma ýykylly. Indi edip biljek iki zadym bardy. Ýa öý eýämiziň oglyna barmalydym, ýada ölmelidim.Ölüp bilmezdim. Ejeme dözmezdim. Ejem maňa dözdi ýöne men oňa dözmedim. Hut ölesim geldi.Ýöne bolmady. Soňunda toýa razy boldum. Köpler ynamady razy bolanyma. Söýenimiň ýüzini ýere saldym. Ikimiz üçin durmuş tamamlanypdy. Onuň ýerine bolmagy hiç islemezdim.
Durmuş gurduk. Bagtsyz men we bu ýagdaý ömrümiň soňuna çenli üýtgemeýä. 5aý boldy toýumyza.Bäş aýdyr onuň üçin dileg edýän. "Meniň ýaly söýüp biljege duşsun.Bagtly bolsun. Meni unutsyn. Meniň çekenlerimi çekmesin"diýip. Ony häzirem ilkinji günümdäki ýaly söýýän. Hudaýdan ýeke dilegim gally. Bir gün menem iller ýaly öler giderin. Ana , şol gün mazar daşyma: "Söýgüden ýanan. Söýgüsine gowuşman öldi. Ýeke islegi söýeniniň ýanyna jaýlanmagy" diýip ýazsynlar. Meni bu ýagdaýa salanlara sapak bolsun. Adamlara sapak bolsun.
Taýýarlan: @Garadaşly
Biriniň gelini bolsamda henizem seni söýýän. (Durmuşda bolan, bolýan, bolaýjak waka)
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- Aý ýöne dogramdyrda, bäş aýlyk gelin ekenidä. soň çaga çugasy bolansoň unudýaramdai
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- pişigiň ýüwrükligi saman hana çenli. aslynda gyz söýmeli däl. ene atasynyň kime berjegi belli däl
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- soňunda ýanjak öziň.borsyň
-
ETIKA
5 years ago
- Soymandir gyz soyen bolsa ya olerdi ya barardy soygulsine ....
-
wagt
5 years ago
- Akyl satmak añsat welin, oña eyermek kyn.
-
wagt
5 years ago
- Gyzka soymeli dal diyleni b.n kašga oň a diyenleñ ozi eyeryan bolsa...
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- @etika söýendiremdä, ýöne seňkwm dogry. hakyky söýen dällir
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- @wagt belki eýerendir
-
messibet
5 years ago
- Öý eýesi diýýä welin kireýne ýaşaýamyka?
Bu biziň ýurdumyza degişli wakamy, terjimede etdim diýýäň?
Daýzam diýýäni adamymyň ýeňňesi diýýä, adamyň ýeňňesi daýzaň bolýamy?
"Hemme zat gowy başlapdy, gowy dowam edýädi, adamymyň ýeňňesi ara girmeýänçä" diýýäň welin durmuş gurandan soň durmuş gowy gidip otyran ýaly, men düşünip bilmedim! Ýogsa näçe okadym. Wakalary sepläp bilmedim.
-
enkaaa
5 years ago
- Hekaya o dien dallei. Cagalandan son bilmezem. Ozem yany bas ay blpdr.
Yllap ejir cekyanlerem bardyr soigisinin yzynda kowalasyp bula cykarypdyrlar
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- @messibet türkiýe durmuşy. adamymyň ýeňňesi diýýä toý etmänkäler. ikisi garyndaş ekeniler daşrak. ýöne belki ýeňe türklerde başgarak garyndaşlyk derejesidir.
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- @enka pikirňe goşulýan
-
Yeser
5 years ago
- Bolup biläýjek zat, menem bir döwürler biri bn däli diwana bolup söýşüp gürleşipdim. Biri-birimizsiz durmuş gözöňüne gelmejek ýalydy. ýöne durmuşa çykdy, çagajygy bolmanka ýatlap jaň edýädem, indi olar ýaly zat ýok, hemme söýgi bir çagajygy bolýança, onsoň soň zenanyň ähli söýgüsi çagasyna geçýä!!!
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- @Yeser menem şony diýýändä. ýöne jaň edip derdi gozgamak nämä gerekkä?
-
SSHB
5 years ago
- 👍👍👍👍👍👍
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- @Yeser şu ýazan teswririňi 7-8-Gezek gaýtalap okadym. Belkide siziň şu teswiriňiz bütin mowzukdanam gowy(mowzugyň soňky abzasyny hasaba alynmanda)
-
messibet
5 years ago
- @Yeser näme üçin söýşüp, köwşen gyzyňy alyp bilmediň? Durmuşa çykandan soň jaň edýän bolsa gaty binamys eken.
-
messibet
5 years ago
- Ýewropa dönüp barýaňyzow siz-ä! Özüňiz türkmenmi how siz? Namys, ahlak, görüm görelde diýen zatlaram bardyr.
-
messibet
5 years ago
- Çagasy bolansoň ýatdan çykyşar diýip göwünlik berensiränem bolýaňyz. Arassaja, tertipli, edepli ýigitlemmize şeýle gyzlar duşmawersin. Başda ýanyp köýenine nesip edewersin
-
messibet
5 years ago
- Şu ýerde arkamy alan bolar öýdemok meň. Sebäbi şuňa meňzeş meselelerdäki jogaplaňňyzy okaýan welin... Aý, bor-da.
Biziň ýaşlarymyzyň ýeten "derejesi" şu.
Hany, Gökdepe galasyndaky elime rus erkegiň (ýogsa läşini ýere-de serýä zenan doganymyz) eli degdi diýip eliniň bir ýerini kesip aýyrýan NAMYSLY, UTANÇ HAÝALY zenanlarymyz!
-
Yeser
5 years ago
- @messibet, seň ýazýan zatlaryňa görä şu sözleri diýesim gelýä! Dinden çynsaňam ilden çykma – diýen nakyl bar, hem Möwlanaň şu sözleri bar: Öň men akyllydym, dünýäni özgertmäge çalyşýadym, indi men düşünjeli özümi üýtgetmäge çalyşýaryn..
BELKI adamlary gadym döwre çagyrman özüň döwre görä bolsaň näder?! Häzir bolmadyk birýerden üçünji jahan urşy çyksa men urşa çykjak diýip ylgap gitmejegiň belli zat, häzir görseň iki çaga edip gullugy ýapdyrmaga çalşyp ýören birem bolup bilersiň. Kitaplardaky ýaly dälde durmuşa görä pikirlenseň gowy bolarmyka diýän.
Hem maňa beren soragyňa jogap: Gyz menden iki ýaş uludy we ol gyzyň düşünjesi bolup biljek ideal düşünjedi şol döwür üçin we menden öň biri bn söýşüpdi hem-de meni näçe gowy görse-de durmuşda alan sapaklary hakynda söz açanda şol "ýigidi" goşardy.
Indi şol döwürdäki özüm barada aýdanymda: Meniň öýlenmägi pikir eden ýaşyma çenli 5-6 ýyl bardy we şol wagtlar ýaş gyzlaram meň bn tanyşmaga höweslisi az däldi. (blmk belki şol wagtky käbir gyzlary okaýan ýerim gyzyklandyrandyr özümden beter). 19 ýaşyň dälijesi bolamsoň 5-6 ýyllap bu gyzy maňa garaşdyrmajaklaryna ynanýadym. belki bu bolmasa-da şeýle gyzy öz deň-duşlarymdan taparyn diýip pikir eden bolmagymam ahmal. Garaz biz öz aramyzda ylalaşdyk gönümel toý-poý bolmady. Biziň söýgimize-de garşy boljak ýokdy, maşgalalarymyzam hiç hili garşylyk görkezjek däldi. Ol gyzam abraýly ýeriň gyzy, menem maşgalamyzyň abraýyna göwnüm ýetýärdi. Ýöne esasy problema meniň aklymyň ýaşlygynda, pursaty peýdalanyp bilmedigimde. Ýaşlyk edip maslahatlaşman karara gelenligimden we mesligimden boldy.
Hem @messibet, senem kitaplardaky ýaly pikirlenýäň welin çeper edebiýaty has köpräk okaýaň öýdýän meň pikirimçe?! Birazajyk durmuşa goşulyp şo boýunça pikirlenip görseň näder?!
-
messibet
5 years ago
- Açan temaňa jogap ýazaýdym @Yeser
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- ýöne menä diýeli gelnimi basyp güýç bilen alan bolsam hem telde şeýdip gürleşmegini islemezdim.
-
enkaaa
5 years ago
- Messibet butun yeri ot allyrypsyna hou. O dian dowrunden nace wagt gecdi. Yone dipsinda arassja tertiplije yigitlemmiz dip on yaly gyzlar galmadymyka...
Terbiyesi yetmedik akyl taydan ozuni kamillesdirmedik yashlar kopelli inni. haysynyn eline seretsen telefon ineda girip ak zadam foryaler gara zadam goryaler. Gorubem shol bolaymalyka dialer... Dogru zatlary kellede filtrlap basarmaly. Ony edyan kelle nirede. Natjekda adamlan edyan oz oyuny. Haysy bir ynsansypatlyny adam sekline salyp biljek yeke ozun
-
enkaaa
5 years ago
- Bagslan heryere sokulubam bizaram edyandirn welin kabir zatlar yazyanyzda yone oturup bolanokda... Adamyn gownune alayjak sozler ulanyanyzda
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- hihi enka sizem ýazan teswirleriňizi jemläp mowzuk edip açaýmalydyňyz
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- ýeser aga ýaly.
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- Beýleki obadaky gürrüňler üçin: https://alemjahan.net/blogs/birini-gelini--henizem-seni-sn-durmuda-bolan-bolan-bolajak-waka-815824
-
Rowana
5 years ago
- Mena dogry edipdir diýýan
Sebabi bu nikada ene ataň eli bar, soýguni nikadan soň gazan öň dalde
Nikadan soňky soýgi dargamaz öňki soýgi uzaga gider
Soňam baý diýýaň, bu da bir mesele ene ata çagasynyň hor bolmajak ýerine beresi gelýar çagasyn, baý bolsa ikinji saklar diýersiňiz goý saklasyn eklap bilse garyp bolyp iliň baý heleýi saklanyndan baý bolyp ikinji Sakalany ýagşy
Garyp bolyp eşek arabada guniň geçenden baý bolyp jipde guniň geçeni gowy
Şu dowurde soýgi diňe pul
-
Rowana
5 years ago
- Mena dogry edipdir diýýan
Sebabi bu nikada ene ataň eli bar, soýguni nikadan soň gazan öň dalde
Nikadan soňky soýgi dargamaz öňki soýgi uzaga gider
Soňam baý diýýaň, bu da bir mesele ene ata çagasynyň hor bolmajak ýerine beresi gelýar çagasyn, baý bolsa ikinji saklar diýersiňiz goý saklasyn eklap bilse garyp bolyp iliň baý heleýi saklanyndan baý bolyp ikinji Sakalany ýagşy
Garyp bolyp eşek arabada guniň geçenden baý bolyp jipde guniň geçeni gowy
Şu dowurde soýgi diňe pul
-
Rowana
5 years ago
- Mena dogry edipdir diýýan
Sebabi bu nikada ene ataň eli bar, soýguni nikadan soň gazan öň dalde
Nikadan soňky soýgi dargamaz öňki soýgi uzaga gider
Soňam baý diýýaň, bu da bir mesele ene ata çagasynyň hor bolmajak ýerine beresi gelýar çagasyn, baý bolsa ikinji saklar diýersiňiz goý saklasyn eklap bilse garyp bolyp iliň baý heleýi saklanyndan baý bolyp ikinji Sakalany ýagşy
Garyp bolyp eşek arabada guniň geçenden baý bolyp jipde guniň geçeni gowy
Şu dowurde soýgi diňe pul
-
Rowana
5 years ago
- Mena dogry edipdir diýýan
Sebabi bu nikada ene ataň eli bar, soýguni nikadan soň gazan öň dalde
Nikadan soňky soýgi dargamaz öňki soýgi uzaga gider
Soňam baý diýýaň, bu da bir mesele ene ata çagasynyň hor bolmajak ýerine beresi gelýar çagasyn, baý bolsa ikinji saklar diýersiňiz goý saklasyn eklap bilse garyp bolyp iliň baý heleýi saklanyndan baý bolyp ikinji Sakalany ýagşy
Garyp bolyp eşek arabada guniň geçenden baý bolyp jipde guniň geçeni gowy
Şu dowurde soýgi diňe pul
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- @Rowana şu döwürde söýgi diňe.pul diýýäň welin öňki döwür beýle dälmidi?
SiziňÝalyBiri 5 years ago- Terjime etdim.