Munuň ýaly wakalara käte gabat gelinýär.Ukuda ýöremeklik-häsiýetiň belli bir görnüşi bolup,onuň üýtgeşik bir syry ýok.
Bu hadysa düşünmek üçin, ilki bilen,ukynyň nämeden döreýändigini bilmeli.Uky adam bedenindäki uzakly günüň dowamynda ýadan agzalarnyň hem-de dokumalarynyň dynç alyp,täzeden dikelmegi üçin gerekdir.Şu wagta çenli nädip we näme üçin uklaýandygymyzyň takyk ylmy düşündirilişi anyklanylanok.
Muňa garamazdan, biz adamzat beýnisinde uky merkezi bar diýip,ol hem adam bedeniniň ukudaky we aýak üstündäki ýagdaýyny sazlaýar diýip düşünýäris.
Uky merkezini näme sazlaýar?Uzakly günüň dowamynda adam bedeniniň hereketde bolýanlygy üçin ,ganyň düzümine dürli görnüşli maddalar goşulýar.Ganyň düzümine goşulýan maddalaryň biri-de kalsiýdir.Ol bolsa uky merkeziniň kadaly işlemegine getirýär.
Uky merkezi işe girişenden soň,iki hereketi ýerine ýetirýär. Birnjiden,biziň hiç bir işe gümra bolmazymyz ýaly, işleýän beýniniň bir bölegini togtadýar.Ol bolsa bizi özümizi duýman ýatar ýaly ýagdaýa eltýär.Bu hadysa beýni ukusy hem diýilýär.
Ikinjiden,ol beýniniň içindäki käbir nerw damarlarynyň işini togtadýar. Bu bolsa bedeniň içki agzalaryny ,elleri,aýaklary uka getirýär. Bu hadysa bolsa bedeniň uklamasy diýilýär. Kadaly ýagdaýda ukynyň bu iki hadysasy biri-biri bilen özara baglanşykly bolmalydyr.Käbir şertlerde bolsa özara baglanşygyň bozulýan wagty hem bolýar.Beden aýak üstünde bolsa-da, beýni uka gidip bilýär .Beýle ýagdaý nerw ulgamy bozulan adamda bolup bilýär. Şonuň üçin hem şeýle adamlar beýnisi ukudaka hem ýatan ýerinden turup,gezip ýörýärler.Beýni ukusy bilen beden ukusyndaky arabaglanyşygyň bozulmasyndan hem ukuda gezýän adamlar döreýär.
Adamlar näme üçin ukudaka ýöreýärler?
-
mertogly
5 years ago
- 👏👏👏👏👏
SSHB 5 years ago- 👍👍👍👍👍👍👍