Baba lakgy bir baýy idäp barýar.
- Ýaşuly, men şol soraýan adamyňyzyň ogly. Kakam bir ýaňa gitdi. Ol ertir gelmeli yzyňa-da gidip oturma garaşaý, myhman-mediwana ýörite tutulan gupba ýaly ak öýümiz bar ýat, dem-dynjyňy al, hezzet-hormatyňam kemini goýmaly.
- Onuň ýaly bolsa, garaşaýsammykam? – diýen baba lakgy çaý-nahardan soň ýazylyp ýaýraýar. örisi giňäp, gül-gülem açylýar. “Zöhre-Tahyryň” bir gyrasyndan girişine, gazaldyr-kyssasyny aýratynlykda telläbem, daňa golaý ony tamamlaberýär.
- Ýeri, han ogul, garry agaň heň çekip, dessan aýdyşyny neneň gördüň?
- wah, haladym-la, baba akga. ýöne, ýaňkylaň tahyry gyzmy, zöhresi? şonam bir, kyn görmän, aýyl-saýyl edip beräýseňiz?
- Gadymy merwiň nähililik bilen synandygyny bilýäňizmi? – diýip, goja kişi gürrüňe başlady. – eşider bolsaňyz, meşhur horasanyň gülleýän şäheri merwiň berbat edilişi bilen bagly şeýle rowaýat bar. Belki, ol rowaýat däldir, bolan wakadyr. men ony atam pahyrdan eşidipdim... merwiň şeýle güne düşmegine dönüklik hem-de agzalalyk sebäp bolupdyr. "dönükleri olardan peýdalanýanlaryň özlerem ýigrenýär" diýen pähim gadymlardan galypdyr.
Ýer ýüzüne gan çaýkan Çingiz hanyň dönüklere garaýşy şeýleräk eken: bilesi gelýän zadyny bilensoň, olaryň hamyndan tasma ýasadypdyr. “ata süýrediň – diýip, Çingiz han ýylgyrar eken. – doganyny satandan wepa garaşyp bolmaz. öz kowmuna el göteren, ýeri gelse, biziň gözümizi çokar...”
Goja kişi demini dürsedi-de, sözüne dyngy berdi. Soňra, jübüsinden şabram seçekli, daşy haşamly nakysja nas kädisini çykardy, nas atdy. Esli salym gözüni süzgekledip, nasyň pinegini gördi. Nasyny tüýkürensoň, gürrüňini dowam etdi.
- Bi gadym döwürlerde bolupdyr. Çingiz han horasana tarap sürüpdir. Bagly-bakjaly, döwranly merwiň arassa asmanyny gurşun ýaly agyr bulutlar gaplap alypdyr. Gara ýel ýaly gara güýç harasat gopduryp zomapdyr, şäheri goraýjylar ýan bermändirler. Men-men diýen ýigitler başlaryny goýupdyrlar, emma şäher ganymyň öňünde dyza çökmändir. Merwiň gorkak, bigaýrat weziri beh al-mülk şäheri terk edip gaçypdyr. Ol mongollaryň öňüne düşüp, garaşylmaýan tarapyndan şähere aralaşmagy ýüregine düwüpdir. aýdylmadyk zat ýok. "mert bir öler, namart müň gezek öler" diýipdirler. Gaty kän ölçerip-döken haýyn wezir ilkinji pikirinden ýüz öwürmeli bolupdyr. Sebäbi barybir öz janyny gutaryp biljek däldi. Şäheri goraýjylaryň demine ilki şol düşmelidi. Şeýle bolansoň ol başga bir pirime ýüz urýar. Özi ýaly dönükleri ýygnaýar-da, merwe ilçi iberýär. Ilçileriň eline hat berýär. Hatda şu sözleri ýazýar: “Herki zadyň çeni-çaky bardyr, beýle yňdarma bolmaň. Çöpde-çörde san bar, siziň üstüňize barýan ýygynda san ýok. Olar siziň ýurduňyzda ýel ösdürer. gowusy, boýun sanyňda (boluňda), başyňyzy gutaryň..."
Bu haýynlyk şäheri goraýanlaryň çetine degýär. Olar ýaňky dönükleri kerçeleýärler-de, olaryň läşini galanyň daşyna – aç itlere oklaýarlar.
Horasanyň gözüniň jöwheri bolan merw iner ýaly silkinip örboýuna galýar. Baý, garyp diýmän hemmeler döşüni gerip, dik durýar. aýal-ebtat, garry-gurty, iň bärkisi çagalar näme, şolaram ýaraga ýapyşýar. Çingiz hanyň kiçi ogly tüli han bu bolýan zatlara hiç düşünip bilmeýär. Ol özüne ýer tapmaýar, gurrandazlary aldym-berdime salýar, bürünç buddanyň öňünde dyza çökýär. “Ýeri, men indi näme edeýin, aýt ahyry?! bi nadan türkmenler meniň maňlaýyma gara çekdi. Şeýdip, horasandan el ýuwaýmalymy? eý, gudraty güýçli, aýagyňa ýykylýan, bir ýerde bar bolsaň, dadyma ýetiş! horasanyň hoşsurat gözelleri bilen gaýratly ärleri seniň ýoluňa gurban bereýin..."
Köşk hyzmatçylary “gazabyňa duçar etmäweri, taňrym” diýip, gije-gündiz ýüzlerini öz buddalaryna tarap öwürýärler. Merwiň ýolunda baş goýan jansyzlaryň, çaparlaryň sany ýokdy. Niçikmi ýaramaz habar getirdilermi, tüli han olary kapasada arlaşyp duran aç ýolbarslaryň öňüne oklaýardy.
Ýagy näçe urunsa-da, merw olaryň toýnagyny gyrkyp durdy. Ol ýaraty bolýardy, ýöne är kişi ýaly sarsmaýardy. oňa ýeňilmek ýokdy, çünki ol köküni öz topragyna urupdy. – goja kişi soňky sözlerini birhili üýtgeşik buýsanç bilen aýtdy. Diňläp oturan adamlaryň ýüzüne seredip çykdy. Öz buýsanjyny ýaş ýigitleriň ýüzünde-de gördi. Daşyna çykaryp durmady-da, ol içinden gaty begendi. iki-üç sapar ardynjyrap sözüni dowam etdi. – mahlasy, mongollar ýeňilýär. ynha, şu ýerde-de bolmasy bir iş bolýar. Hanyň maslahatçysy, süpük neşekeş li tun po mele ýorgadan (bu näme-kä, agzalar) keýpini kökläp güllän wagty, başyny etegine salýar-da, hanyň huzuryna barýar. “zemin ýüzüniň ary-namysy, şamçyragy tüli han!.. bir çemçe ganyny geçseň, sadyk guluňyz bir maslahat berjek bolýa. Horasanyň merkezine iň wepaly jansyzlaryňyzy iberiň. goý, olaryň biri derwüş bolsun, ýene biri gedaý bolsun, batyl, maýyp-müjrüp... olar it ýaly kaňkar, urular, ýenjiler, kowular, aç-suwsyz surnugyp, gaty derini çeýnär... ýöne, eşider, diňlär, görer. bize şo gerek. aýyň ýüzünde-de tegmil bar ahyry. diýmek, olaryňam bir ýerde sepi bardyr, şony bil. şondan ursaňam aldygyňdyr. Seniň keçe ädigiň o mahluklaryň gara başyny depelär..."
Tüli han muny makul bilýär. Boýunlary bidöwlet kädili derwüşler, bulançak gözli gedaýlar, ykmandalar uly şähere siňip gidýär. Mähelleli, bazar-dükanly şäherde diňlejegiň gürrüň bolsa, gözüň gören tarapyna eňiber – çuwaldan alsaňam tapylar. Ynha uly ýoluň gyrasynda, tamdyryň başynda birnäçe aýal gybat edýär.
Gürrüňçi şu ýere ýetende ýylgyrdy-da, gybatkeş aýallaryň agzyna öýkünip gürledi.
– Seniň çaşan kelläňden akyl gözländen günortanyň tüp yssysynda gyraw gözläniň gowumyka diýýän – diýip, haýsydyr bir täjiriň baýry aýaly ýaşajyk, gurjak ýaly bezemen gelni alarladyp başlady. – juma güni bişirilýän kökäniň beýleki günlerde bişirilýän kökeden tapawutly bolýandygyny bilmän näme, kelläňe turşy çykdymy? ys-koka gelýän görgülileriň ýüzüne ursaň, olaň boýny burularmyşyn...
– Ah-heý, günüňe ýanaýyn, suwly meşik – diýip, ýaş gelin mapraç aýaly dalady. – seň edeniňi etmesem, asylar öläýerin. günüňe ýanaýyn, ýeri ölermiň-ýitermiň... Indi men köke bişirmänem oňaramokmy? bilýäňmi näme, meni häzir soltan etseler, merwem dyza çökererdim. Gowky aýak mongollar ýaly maslyk depeläp, dylkyldap ýörmezdim...
– Paňkyldamasana, tula – diýip mapraç aýal ýer peşedi. – seniň munyň biziň garry geçimiziň boýnuna dakylan döwük jaňyň sesine meňzeýär".
– Sen, näme, bi adamlary beýle agzy jäheksizdir öýdýäňmi? eger men şolaryň ýerinde bolsam, derýaň gatlasyny ýykardym-da, şäheri gark ederdim.. wessalam...
Çörek bişýänçä kän gürrüňiň başy agyrdyldy. Ol gürrüň eýýäm mongollaryň lagerine ýetipdi. Şol gijäniň özünde han bendi ýumurmaly diýip, buýruk berýär. Tüli han gadymy horasanyň gözel şäherini kesege garýar...
Goja kişi gürzelek sakalyny barmaklary bilen daraklap, bir meýdan dymyp otyrdy. rowaýatyň soňuny şeýle gutardy.
- Şol iki heleýi Soltan Sanjaryň gümmeziniň golaýynda topraga duwlapdyrlar. Şu töwerege düşen her bir adam tümmeklere daş zyňmaly edilipdir. Şindi seretseňiz, şol jelegaýda daşa gözüňiz düşmez. Şu etrapa gelip-gidýän adam zyňjak daşyny bir ýurtdan öz ýany bilen getirmäge mejbur bolupdyr...
Gurban93 5 years ago- Türkmeni hile bilen al bilen syndyrýalar. Ýogsam gaýratlary çatsa başa-baş söweşsinler. Diňe namartlar hile bilen ala baş goşýalar.