Söz berişdik — jaňlaşmaly däldik biz,
Soramaly däldik hal ahwalymyz.
Sen çepe, men saga bakyp geçmeli,
Deň düşse-de garşylaşýan ýolumyz.
"Ykbal deň gelenok" diýişen bolup,
Çözüpdiris "dünýäň meselesini".
"Deň etmän, duş etmez" — çyn bolýan bolsa,
Ykbal dälmi maňa duşuran seni?!
Jaňlaşamzok, soralanok hal-ahwal,
Beýdip biz nämäni subut etmeli?!
Ahmal,
Bir-birege garaşylýandyr,
Beýle bolsa — kim birinji ätmeli?!
Biz ýeňip geçmeli ýaýdanjaňlygy,
Ýeňmeli her kim öz men-menligini.
Aňlamaly, boýun almaly, janym,
Aýra bolsak bir zatlaryň kemdigni.
Söz berişdik — jaňlaşmaly däldik biz,
Soramaly däldik hal ahwalymyz.
Ýöne men çydamok, halys çydamok!
Al jaňymy...
Dolan!
Men sensiz ýalňyz...
Al jaňymy
-
Perhat Sabirovv
6 years ago
- Oran gowy yazylan
-
Panturkist
6 years ago
- Öňki nesil goşgularda söýgülisine "alýar jany, janym aldy, al janymy" diýen motiwde ýüzlenen bolsa täze nesil "al jaňymy" diýip ýüzlenýär. Üýtgän ýekeje harpam bolsa manyda rewolýusiýa bolupdyr.
-
Yeser
6 years ago
- bu goşgyny bir gyza ugratdym, indem meni ýüreginde göterip ýör, smsden ugradan goşgymy men düzendirin dp kesip kesip galareýasyna geçiripdir, joralaram halapdyr;)) dos awtoryny görkezmedigim üçin bagyşlarsyňda, ýöne gowy goşgy bolupdyr.!!!
Babaniyazow J 6 years ago- Oçen haraşo