Garadyr gaşlary misli ýaý kimin,
Ugrunda sergezdan asman hem zemin.
Näçe gözleseňde tapmarsyň kemin,
Bir kemsiz gözeldir Türkmen gyzlary.
Edepli, ekramly, mylaýym, sada,
Näzli bakyşlary bilen atarlar oda.
Ýaryna ýürekden beräýse wada,
Wadasynda durar Türkmen gyzlary.
Awtory: Nepes Begenjow
IMO: +993 64 07 90 98
Türkmen gyzlary
-
Panturkist
6 years ago
- Gyzlarymyzy tanamaýan bolsam "dogry aýdýaň" diýjek welin...
-
Hiiiii
6 years ago
- @Panturkist, seň aydyanyňam yalan diyip biljek dal. Yone senem hemme gyzlammyzy tanayan dalsin
Oylanmalar Ummany 6 years ago- Gadyrly Talyplar.com agzalary! Ilki bilen her biriňize Jan saglyk agzybirlik okuwlaryňyzda we işleriňizde üstünlik arzuw edýärin! Sizden etjek haýyşym! Her biriňiziň goşgy baradaky garaýyşaryňyzy bilmek isleýän! HER KIM ÖZ GARAÝYŞYNY ÝAZSYN! Sag boluň! Gowudan gowy arzuwlar bilen Nepes Begenjow.