Tüýlerimiz näme üçin diken diken bolýar?
Bedenimiziň üstündäki tüýler, kiçijek bir muskul bilen derä baglydyr. Duýgu tarapyndan stres, üşeme duýgusy ýa-da deride bir rahatsyzlyk bolanda bu muskullar refleks ýagdaýynda gysylmagy, tüýleriň "diken diken bolamagyna" sebäp bolýar. Esasanda sowuk ýagdaýlarynda tüýleriň diken diken bolmagy, gürrüňi edilýän muskullaryň gysylmagy netijesinde orta çykýan gyzgynlyk energiýasynyň, bedeni gaty azda bolsa gyzzyrmagyna sebäp bolýar. Beýleki ýagdaýlarda bolsa köplenç, "signal" mehanizminiň bir bölegi bolup iş görýärler.
Sary reňkli bolýan mekgejöwen näme üçin partlanda ak reňkinde bolýar?
Mekgejöwen, içindäki suwuň gyzgynlyk sebäpli etýän basyşynyň netijesinde partlar. Öz halyndaky mekgejöwen dänejigi gyzzyrylanda, içindäki suw bug halyna öwrülip basynç emele getirýär we basynç dänejigiň gabygy zorlamaga başlanda-da mekgejöweni partladar. Bu ýagdaý emele gelende daşaryk çykýan çiş aklyk bolsa dänäniň içindäki krahmaldyr. Reňkide krahmalyň düzümi sebäpli ak bolýar. Mekgejöweniň içindäki jelatin görnüşindäki krahmal dänejikleri, çygdan bolan basynç sebäpli partlamaýar. Munuň ýerine giňäp jel ýaly gabarjyklar görnüşine gelerler. Soňunda bu gabarjyklar birleşip gatylaşýar we soňunda şekilsiz ak partlaklar emele gelýär.
Gyzgynda näme üçin derleýäris?
Derleme gyzgyn ýerlerde we sport ýaly güç ýagdaýynda bedeniň gyzgynlygyny sazlamak üçin edýän fiziologiki ýagdaýdyr. Maksat hereketi ýokarlanan bedeni sowatmak. Şofbenlerdäki termostat ýaly gyzgynlyk galanda bedeniň termostady işe girýär we muňa "sempatik sistema" diýilýär, derleme başlaýar we gyzgynlyk gaçýar. Bedende 5 million der mäzi bar. Hemme ýerlerde bar, emma syrt, gollaryň aşaklary, aýaň içi we aýaklaryň aşagynda has köp bar. Der mäzleri üýtgeşikligi sebäpli ýüz we üstki bedende zehin ýagdaýlarynda (utanma, gorkma, stres) aýaň içi we aýak aşaklarynda, ajy we burçly iýmitler sebäpli dodak üstleri ýa-da saçly deri ýaly ýerlerde oýarylyp derlemäge sebäp bolýar.
Saçlarymyz uzaýar yöne näme üçin kirpiklerimiz we gaşlarymyz dowamly uzamaýar?
Bedenimiziň başga-başga ýerlerindäki gyllaryň her hilli uzama potansiýallary bar. Bu potansiýaly eristiklerinde uzama durýar. Saçlarymyzyň uzama potansiýaly beýleki ýerlere garanyň has köp. Maksimum boýa ýetmeleri üçin has köp wagt gerek bolýar. Belli wagtlarda saçlarymyzy kesdirýänligimiz sebäpli bize diňe uzaýan ýaly görünýär. Mysal üçin gaş ýa da kirpigi kökünden kesenimizde belli bir boýa çenli uzap soň durýandygyny görmek bolýar. Sebäbi olaryň maksimum boýa ýetme potansiýallary şonçadyr.
Zenanlarmy has akylly erkeklermi?
Zenanlar bilen erkekleriň arasynda iň köp jedelleriň biride şudur. Her iki tarapda öz üstünligiň dogrulajak bolup öz jynsynyň has üstündigini öňe sürýär. Onda ylmy taýdan haýsy dogrudyr? Erkeklermi ýogsa-da zenanlarmy has akyllydyr? Ne zenanlar erkeklerden, ne erkekler zenanlardan has akyllydyr. Bütün adamlaryň zehinleri tapawutlydyr. Käbirleri görüş, käbirileri analatik, käbirleri emeli zehinleri we şm. zehinleri bardyr. Zenanlaryň köplenç duýguly zehinleri has ýokarydyr. Erkekleriň bolsa praktiki we analitik zehinleri has ýokarydyr. Emma bu umumylamadyr we kadadan çykmalar bolup biler. Onsuzda esasy zat zehin däl, esasy zat eýe bolan zehinimizi iň gowy nähilli ulanjagymyzdyr.
Adamyñ köp pikirlenýän soraglaryna anyk jogap
-
yurekdaki syr
6 years ago
- govja zatlar
-
yeke yurek
6 years ago
- wo 👍
Gowjam 6 years ago- Waaoww....tasin maglumatlar.....sag bolun yetireninize. Yenede garasyan.