Göwün
Awtory:Seýitliýew Maksat
Bolan waka
Awtobus menziline tarap sallamlyja ýöräp barýardym.Tebigatda güýz pasly saralan ýapraklaryny zemine seçelemegini dowam etdirýärdi.Men bady gowşan düýe ýaly ädimläp barşyma awtomenzile ýetenimi bilmän galypdym.Barsam awtobusyň ugramagyna ýene bäş minut çemesi wagt galan eken.Wagtymy ýitirmän ýolugra dükandan içer ýaly agyz suw bilen ýolda güýmener ýaly bir žurnal aldym.Alan žurnalym hem iliňkä meňzeş däldi,diňe awtoulaglaryň suraty, ýöne ýokdan bar ýagşy diýäýmeseň okar ýaly gyzykly zat ýok.Garaz, awtobusa münüp ikinji hatarda oturdym.Meň yzymda bolsa bir çagajyk, daş keşbinden çen tutsaň ýaşy otuza golaýlan gelin we bir kempir otyrdy.Ýaňky çagajyk awtobusyň aýnasyndan seredip, eýläk-beýläk gatnaýan ulaglara göwni gidýärdi.
-Eje,seret, hana kakamyň maşyny!
-Ýok oglum ol kakaň maşyny däl.
-Onda kimiňki?
-Başga bir daýyňky.
Otuz sekuntlap çaga ümsümje oturdy-da(mundan uzak hiç bir çaga-da saklanmaýar) garamtylja gaşlaryny çytyp:
-Eje, biziň kakamyz nirede?-diýdi.
-Oglum, kakaň uzak ýerlerde zähmet çekýär.
Gelniň bu sözüni aýdany hem şoldy welin ýanynda oturan garry( gelniň ejesi bolmaga çemeli) hemle bilen,,Hä,dogrudyr!''diýdi.
-Eje,kakam maňa-da goňşymyzyňky ýaly owadan welosiped alyp berer gerek?!
-Elbetde oglum, hökman alyp berer.
-Alyp bermänjik geçäýer-diýip, ýüzüni aç arslana meňzedip oturan kempir gülümsireýän ýaly gürledi
- Indi kakaň gelip bolandyr. Ol indi başga eje bilen.
Gelin kempiriň ýüzüne gözlerini süzüp bakdy-da gözlerinde hünji bolup akan gözýaşlaryny öz garamtyl öýmesine süpürdi.Şol wagt men ähli zada oňat düşündim.Diri wagty atasy öz çagasyny ýetim goýup,başga birine göwün beripdir.Emma meni has-da beter şol kempir kejikdiripdi.Nämäň-nämedihine düşünmese-de çagajyk öz kakasynyň indi gaýdyp gelmejegine göz ýetiripdi.Men oturyp bilmedim.Ýerimden turdumda çagajyk bilen salamlaşdym.Ol ilki bada menden çekinjiredi.
-Oglanjyk seň adyň näme?
-Meň adym Aman-diýip, körpeje oglanjyk ejesinin gujagyna gysyldy.
-Wiý,Amanjan, bu senmidin asyl!Men seň kakaň bilen bile işleýän.Ol seni gaty göresi gelýär.Ol saňa welosiped alyp berjek diýdi. Kakaň seni görmäne gaýtmalydy welin men ýaramadym, onsoň meni sagalýançam öýe iberip, kakaňa biraz işlemegi haýyşt etdiler.Ol saňa sowgatjygam iberdi, ýöne men seň salgyňy ýatdan çykaraýypdyryn!
-Hany onda kakamyň maňa iberen sowgady-diýip, oglanjyk maňa soragly nazaryny aýlady. Men dükandan alan žurnalymy aldym-da oglanjyga uzatdym.Ol göýä uly sowgat berilen ýaly žurnaly garbap aldy-da, ony derrew bagryna basdy.Elbetde,bu sowgat onuň üçin bahasyzdy, sebäbi ol öz zähmetkeş kakasynyň sowgady ahyryn.Şonda ol öz mähirlije ýylgyrşyny edip, göz ýaşyny saklap bilmän oturan ejesine ýüzlendi:
-Eje, kakam dogurdan-da daş ýerde işleýän eken, indi ol gelip maňa welosiped hem alyp berer, maňa ony sürmegi hem owreder, goňşymyzyň kakasy ýaly meni gujaklap, seýilgähe-de äkider.
Çagaň her sözi meň ýüregimi para-para edýärdi.Ine-de meniň duralgam.Men awtobusdan düşüp galsam-da ýüregim şol çagajyk bilen galypdy.Ol çagajyk häzir-häzir hem kakasyna garaşýandyr.Şol gün men öz maşgalasyny sebäpsiz taşlaýan nadan erkekleri näletledim.Özüm entek maşgala atly bagtyň eýesi bolmasam-da,öz nebsimiň öňünde beýle nadanlyga baş bermejegime söz berdim.Goý beýik merhemetli Allaň özi şeýle ykbally çagalary öz penasynda aman saklasyn.Ämin.

Edebiýat, marokka tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir