Ýaş nesliň döwrebap kemala gelmegine laýyk getirilýän milli bilim ulgamyny düýpli özgertmegiň ýolundaky ajaýyp başlangyçlar her bir raýatyň bagtyýar şu gününe bolan guwanjyny we ýagty ertirine ynamyny güýçlendirýär, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna jan aýaman zähmet çekmäge, okamaga, ýaşamaga, gurmaga, döretmäge ylhamlandyrýar.
Döwlet Baştutanymyzyň bilimiň, terbiýäniň netijeli usullaryny gözläp tapmak, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmekde iň amatly usullary saýlap almak, bu ugurda maglumat-aragatnaşyk serişdeleriniň hyzmatyndan giňden peýdalanmagy ýola goýmak, okuw maglumatlaryny, kitaplary almakda kynçylyk çekilmez ýaly, olaryň elektron goruny döretmek ýaly döwrebap ýollary salgy bermegi, ahyrky netijede ýaş nesliň bilim derejesiniň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, döredijilik we ruhy mümkinçilikleriniň açylmagyna ýardam etjek şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2017-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy kabul edildi. Ýurdumyzyň çäklerindäki kitaphanalarda elektron ulgamlaryň ornaşdyrylmagy milli Liderimiziň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlaryna we döwrebap talaplaryna mynasyp jogap hökmünde garamak bolar.
Kitaphanalaryň türkmen jemgyýetindäki wezipesine göz ýetirmek üçin, olaryň taryhyny öwrenmek ýeterlikdir. Bu taryha ýaňy-ýakynda 100 ýaşy arka atan Türkmenbaşy şäheriniň Merkezi kitaphanasynyň iş tejribesini öwrenmegi we şonuň netijesinde kitaphanalaryň ilatyň dürli gatlaklaryna degişli okyjylara hyzmat edişini beýan etmegi makul bildik.
Arhiw maglumatlarynda görkezilişine görä, bu kitaphana 1917-nji ýylyň 30-njy noýabrynda işçi-daýhan, soldatlar (esgerler) deputatlarynyň Krasnowodsk Sowetiniň mejlisinde harby musulman komitetiniň teklibi bilen döredilýär. Döredilen wagtynda, onuň gorunda bary-ýogy 80 sany kitap bolupdyr. Kitap goruny baýlaşdyrmak üçin Krasnowodsk Sowetiniň başlangyjy bilen Bakuwdan kitaphana üçin birnäçe kitap getirilýär. Kitaphanada şol wagt çap edilýän (“Бакинский рабочый”, “Рабочый путь”) gazetleri köpçülik bolup okamak däp bolupdyr.
Bir-iki ýylyň dowamynda (1919-njy ýylda) kärhanalardaky hem-de hususy kitaphanalardaky kitaplar bir ýere jemlenilip, kitaphananyň gory baýlaşdyrylýar. Şeýlelikde, kitaphananyň gory kem-kemden köpelip, okyjylaryň giň köpçüligine hyzmat etmäge mümkinçilik döreýär.
XX asyryň 60-njy ýyllaryndan başlap, kitaphananyň işiniň gurluşy we mazmuny düýpli üýtgeýär. Şäherde ownukly-irili kitaphanalaryň ulgamy döräp, şäheriň Merkezi kitaphanasy olaryň işini utgaşdyryjy merkez hökmünde hereket edip başlaýar. Bu ýerde diňe bir okyjylaryň çeper eserler we gündelik metbugat bilen tanyşmak ýa-da käbir ylmy işleri gözlemek ýaly islegleri kanagatlandyrylmak bilen çäklenilmän, kitaphananyň usulyýet bölümi hem açylýar. Kitaphananyň usulyýet bölümi şäherde bar bolan ähli kitaphanalaryň işiniň utgaşykly guralmagyny we sazlaşykly işlemeklerini gazanmak, olara usuly kömek bermek bilen baglanyşykly işleri alyp barýar.
Geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň ahyrynda (hazynasy 65 525 edebiýatdan ybarat bolan) bu şäher kitaphanasyna “Merkezi kitaphana” diýen hukuk berilip, oňa Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi Ata Gowşudowyň ady dakylýar.
Kitaphananyň iş tejribesi ýyl geldigiçe artyp, ol merkezleşdirilen hyzmat etmek usulyna geçýär we häzirki wagtda şäherdäki 4 sany kitaphanany, ýagny ululara hyzmat edýän 3 sany we çagalara hyzmat etmäge niýetlenen 1 sany kitaphanany özüne birikdirýär. Kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi bilen bu ýerde giňeldilen hyzmat ediş bölümi, göçme kitaphana bölümi, usuly kitaphana, kitaplary toplamak, edebiýatlar hakynda maglumatlary özünde jemlemek (kataloglar) bilen meşgullanýan bölümler işläp başlaýar.
2017-nji ýylyň 30-njy noýabrynda bu kitaphana özüniň döredilmeginiň 100 ýyllyk toýuny uly dabara bilen belledi. Bu bolsa häzirki wagtda, şahamçalary bilen bilelikde, umumy gaznasy 128 421 nusgada kitaby bolan Merkezi şäher kitaphanamyzyň, ajaýyp bilim baýlyklaryny özünde jemleýän medeniýet ojagynyň eýýäm bir asyrdan gowrak wagt bäri okyjylar köpçüligine hyzmat edýändigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Merkezi kitaphanalarda Bitewi Elektron Kitaphana toruny döretmek hakynda” Karary kabul etmegi bilen, ýurdumyzyň kitaphanalarynda döwrebap innowasiýalary ornaşdyrmaga, kitaphanalaryň arasynda maglumatlary çalt alyşmaga giň mümkinçilik döredildi.
Bitewi elektron kitaphana - aragatnaşyk tory arkaly birikdirilen kitaphanalaryň awtomatlaşdyrylan bitewi maglumat-gözleg ulgamydyr. Aragatnaşyk tory uzakdaky kitaphanalary döwlet kitaphanasyna birikdirýän ulgamdyr. Bitewi elektron kitaphana ulgamyna neşir hakynda maglumatlar bir gezek ýüklenýär, soňra degişli kitaphanalar öz gaznalarynda hakykatdan bar bolan nusgalary bitewi katalogdaky degişli neşire çatýarlar. Netijede, haýsy kitaphanada näçe mukdarda kitap gorunyň (anyk neşirleriň) bardygyny görmek bolýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli kitaphanalarynda elektron kitaphana tory döredilip, olarda jemlenen adaty kitap önümini elektron görnüşine geçirmek üçin, zerur bolan tehnikalar bilen üpjün edilen.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen kitaphana hyzmaty ulgamynyň işini döwrebap ýola goýmakda, kämilleşdirmekde we bu ulgamy dünýä derejesine çykarmakda uly ösüşleriň bolup geçýändiginiň janly şaýady bolup, bagtyýar durmuşda ýaşaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň aýdyň geljegi üçin alyp barýan işlerini we dürdäne eserlerini halk köpçüliginiň arasynda ýokary derejede wagyz etmekde, ýaş nesilleriň arasynda kitaba bolan söýgini hem-de okyjylaryň sanyny artdyrmakda, döwriiň talabyny ödeýän täsirli çäreleri guramakda kitaphanaçylaryň aýratyn hyzmaty bardyr. Şirin jana deňelýän eziz Watanymyzyň geljekki gülläp ösüşleriniň we barha kuwwatlanmagynyň hatyrasyna her bir raýatyň öz hünär ugry boýunça päk ýürekden zähmet çekmegi bolsa jana-jan hünär borjuna degişlidir.

Bilim, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir