Kitap okamagyň her bir adama zerurlygy goja taryhda-da, şu günlerimizde-de subudyny tapan hakykat. Ata-babalarymyz kitabyň manysyny tirip okapdyr. Kitaplardaky paýhaslary durmuşda giňden peýdalanypdyrlar. Many tirmek, elbetde, akyl goruňy baýlaşdyrmakdan ybaratdyr. Adam öz durmuşyny dogry dolandyrmakda kitaba bil baglap biler. Çünki kitabyň sahypalarynda dürli durmuş wakalary beýan edilýär. Bu bolsa kitabyň adamyň durmuşda ornuny tapmagynda-da paýynyň kiçi-girim däldiginden habar berýär. Şeýle wajyp wezipäni ýerine ýetirýän kitap ynsan durmuşyna ýalkym saçýan ýol görkeziji şamçyraga öwrülýär. Geçmişiň beýany, şu günüň şuglasy, geljegiň daňy kitaplaryň gatynda saklanýar. Kitaplary düşünip okanyňda oňa göz ýetirmek mümkin. Geçmişi öwrenmek şu güni berkitmäge oňyn täsirini ýetirýär. Bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda asyl däp-dessurlarymyza, ýol-ýörelgelerimize berk eýerilip, olara aýawly garalýar. Bu halkyň ozaldan gelýän milli ýoluna hormatdyr. Bu ýylyň «Türkmenistan — Beýik Yüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegi hem çuň mana eýedir. Bu ýyl Türkmenistanyň gadymy döwürlerinde dünýä döwletleri bilen sazlaşykly, özara bähbitli gatnaşyklary saklandygy ýene bir gezek äleme dolar. Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden kemal tapan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyny okanyňda öňe sürülýän pikire jogap tapýarsyň. Türkmenistan halkara ýollaryň çatrygynda ýerleşip, geografik taýdan iňňän amatly ýagdaýa eýe bolansoň irki döwürde-de üsti ýükli, jaňly kerwenler döwletimiziň çäginden hatar gurap geçipdir. Uzak ýoly aşyp gelýän uly kerwenler myhmansöýerlikde garşylanypdyr. Olar üçin ýörite kerwensaraýlar, düşelgeler gurlupdyr. Adamlar kerwensaraýdyr düşelgelerde dem-dynç alyp, argynlygyny ýazypdyrlar. Kerwenleriň gatnamagy halklaryň medeniýetleriniň, ruhy dünýäsiniň ýakynlaşmagyna oňaýly täsir edipdir. Ýeri gelende bellesek, kerwen ýollaryndan diňe täjirler gatnaman, alymlar, ilçiler hem gatnapdyr. Şeýlelikde, ol ýollar ylym-bilimiň, ýurtlaryň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşupdyr. Ýüpek göwünli türkmeniň myhmansöýerlik, açyk göwünlilik, dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlylyk ýaly, nusgalyk gylyk-häsiýetleriniň, asylzada däp-dessurlarynyň dünýä ýaýramagyna getiripdir. Bu babatda mähriban Arkadagymyzyň ajaýyp kitabynda pederlerimiziň örän sowatly bolandygy, şu toprakda medeniýetiňem gülläp ösendigi barada guwandyryjy maglumatlar berilýär.
Halkymyzyň taryhynyň gadymyýete uzaýşy ýaly, onuň medeniýeti, sungaty hem irki döwürleriň jümmüşine aralaşýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň çäginde halkyň şöhratly geçmişini özünde jemleýän taryhy-medeni yadigärlikleriň, gadymy galalaryň ençemesi ýerleşýär. Olardan Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly ýadygärliklerimiz, «Görogly dessançylyk sungaty», «Küştdepdi aýdym-saz» dessurymyz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle bellenýär: «Belli bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýoly gadymyýetde we orta asyrlarda Hytaý bilen Alynky Aziýany, Ortaýer deňzini birleşdiren halkara ýolunyň hem-de içki kerwen ýollarynyň rowaýata öwrülen şertli adydyr. Baryp orta asyrlarda wenesiýaly täjir, geograf, jahankeşde Marko Polo bu ýola «Ýüpek ýoly» diýen ady berýär. Bu adalgany häzirki zaman leksikamyza girizen bolsa nemes alymy Ferdinand fon Rihtgofendir. Häzirki wagta çenli ol dürli halklaryň gepleşik dilinde, ylmy hem-de jemgyýetçilik edebiýatynda giňden ulanylyp gelinýär».
Ýüpek sözi il arasynda elmydama oňat manyda ulanylýar. Haýsydyr bir zadyň gowulygy tekrarlanjak bolsa «Edil ýüpek ýaly» diýen deňeşdirme mysal getirilýär.
Ýol sözi hem türkmen halkynyň aňyna mäkäm ornaşandyr.Türkmen aga uzak ýere ugrajak ýa-da ýagşy bir işiň başyny tutjak adama «ýol bolsun» diýip, ak arzuwlar edýär. Şol ak arzuwy alan adamyň işi ugur-ýol alyp rowaçlanýar. Gadymy kerwen ýollarynyň ençeme günlük, aýlyk agyr ýollar bolandygyna taryh şaýat. Alys ýollaryň sökülmegi dürli milletleriň medeniýetleri, däp-dessurlary, ýol- ýörelgeleri bile ýüzbe-ýüz edip, halklaryň medeniýetleriniň aýratynlyklaryny ýüze çykarypdyr. Ýokarda biz Ýüpek ýolundan alym-ulamalaryň gatnandygyny, şunlukda, ylym-bilimiň ösüp-kämilleşmeginde şol ýoluň möhüm ähmiýetiniň bolandygyny nygtadyk. Gadymy Merwiň kitaphanalaryna dünýäniň meşhur alymlary gelip, ylym-bilimlerini artdyrypdyr. Bu irki döwürde-de ylym-bilimiň ýo- kary derejä göterilip, kämil medeniýetiň kemala gelmegine üns berlendigine aýdyň subutnamadyr.
Halkymyzyň taryhyny, milli medeniýetini sarpalaýan Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Beýik Ýüpek ýoly döwrebap derejede gurulýan gara, polat ýollary, deňiz hem howa ýollary arkaly täzeden dikeldilýär. Dünýäniň çar künjüne uzaýan bu ýollar döwletler bilen ähli ugurlardaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge hyzmat edýär. Goý, dünýä döwletlerine uzaýan dostluk ýollary müdimilik bolsun. Bütin dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkemegi, pajarlap ösmegi üçin tutumly işleri amala aşyrýan mähriban Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun.
Ýüpek göwünli türkmen
-
Nepes29
6 years ago
- @panturkist, lol
Panturkist 6 years ago- Näme çekip ýazýan bolsaňam şol zatdan meňem çekesim gelýär.