Şu gün Rubigiň kubigina ylaýyk 30 ýyl dolýar. Mundan 30 ýyl öň Erno Rubik bu oýnawajy oýlap tapypdy. Oýnawaç halkyň arasynda halanyp 30 ýylyň içinde 300 million görnüşi şeýle hem ýasama kubiklaryň milliardlarçasy ýasalypdyr. 1982-nji ýylda Rubigiň kubigini düzmek boýunça ýaryş geçirilipdi. Muňa 19 döwletden zehinli adamlar gatnaşypdy. Ýaryşda kubiklaryň ählisi hem 25-30 aýlawly EBM-myň kömegi bilen bulaşdyrylypdy. Bäsleşikde ilkinji bolup 22.95 sekuntda 16 ýaşly Minh Thaý(Los-Anjeles) kubigi düzmegi başarypdy. Iň soňky rekordy ýaponly goýup ol bary ýogy 12.11 sekuntda düzmegi başardy. Oýlap tapyjy Erno Rubik hakynda aýdanmyzda bolsa ol 1944-nji ýylyň Oguz aýynyň 13-ne Wengriýa döwletinde, ikinji jahan urşunyň gyzgalaňly döwründe eneden dogulýar. Erno 1967-nji ýylda Műszaki Egyetem adyndaky tehniki uniwerstitetine \"gurluşyk injeneri\" hünäri boýunça okuwa girýär. 1971-1975-nji ýyllar aralygynda arhitektor bolup işleýär, soň akademiýa dolanyp dosent adyny gazanýar. 1980-nji ýyllaryň başlarynda kelle döwüji oýunlar hakyndaky žurnala redaktor bolýar. 1987-nji ýylda bolsa profesor adyna eýe bolýar. Ondan soň Magyar Mérnöki Akadémia adyndaky akademiýa 1996-njy ýyla çenli Prezident bolýar. Bu akademiýada Rubigiň zehinli ýaşlara goldaw bermek üçin öz fondy bardy. Häzir ol arhitektura hemde kelle döwüji oýunlara degişli makalalary ýazýar. Häzirki döwürde bu jäjegiň dürli görnüşleri çykarylýar. Meselem MP3 aýdymlaryny aýdýan ýa-da aşakdaky suratlarda görkezilşi ýaly suratlardan düzülen kubiklar hem bar.
Gybat: Kubik Rubigiň doglan güni!
-
mc_merw
17 years ago
- Rubugiň iki renklisi bar (ak-gara) şony daş edip 10 sekunda düzýän. Ýöne alty reňklyny şu wagta çenli hiç düzüp bilmedim, 3 reňki düzýäň galan renkleri düzüp bolonok, soň taşlaýan. Iller 12 sekunda çözýän bolsa, bir ýoljagazy bardyr...
-
Derman
17 years ago
- agajanh, wagtyn bolsa biraz shu Erno Rubik barada yazsan belki gyzykly bolardy. Son biri on durmushy barada okap belki ikinji Erno Rubik bolar :))) ???
Gaty gyzykly adam ekeni. Ozam Arhitektor ekeni Erno Rubik.
Arhiterkorcylygyn we Kubik yasamagyn arasynda kop baglanykly zat bardyr.
-
agajanh
17 years ago
agajanh, wagtyn bolsa biraz shu Erno Rubik barada yazsan belki gyzykly bolardy. Son biri on durmushy barada okap belki ikinji Erno Rubik bolar :))) ???
Ýazdyma ýa ýeterlik dälmi? :-)
-
ata
17 years ago
- men ansadragyny edip gorupdim, cylshyrymlysy bolsa elleman gecaymesem :)
urc edip oynayanlar bardy tm we TC-dekam, kan gyzyklanmadym bu oyunjak bn:)
Shazada 17 years ago- amerikaň bir kanalynda \"beauty and the geek\" diyip reality show ba. shon 2nji sezonunda shu kubigi chalt duzmekde shuwagtky dunya rekordyny saklayan bir hytay (ya yapon sho tochno bilemok) gatnashya :)