Akar suw
Şirrildisi şirin mukam,
Durna göz suw akyp barýar.
Badyn gowşatman elmydam,
Teşneleri ýakyp barýar.
Janly-jandaryň arzuwy,
Bütin dünýäde arzyly,
Wada berip bol hasyly,
Menzilleri söküp barýar.
Topraga bagş edip baryn,
Ösdürip alma-enaryn,
Güllere büräp kenaryn,
Köňül taryn kakyp barýar.
Suwuň sesine ses goşup,
Baglar otyr ygşyldaşyp,
Balyklar hem pagşyldaşyp,
Oýun oýnap böküp barýar.
Gudratyny her ýan ýaýyp,
Tolkun atyşy ajaýyp,
Köpürjikler ýüzde gaýyp,
Dürler düýbe çöküp barýar.
Egsilmezdir şöhrat-şany,
Dokluk dirilik nyşany,
Baş bermez söýgi mysaly,
Hanasyndan çykyp barýar.
Gözel gyza
Aýa meňzäp başlan günleň,
Meniň göwnüm aldyň gözel.
Ýerine göwün bermezmiň,
Ne söwdaga saldyň gözel.
Ýylgyrşyň sowgat berýärkäň,
Günde gözleriň görýärkäm,
Bilbil bolup aýlanýarkam,
Ter gunçadyň- güldüň gözel.
Tapdyňmy ýa mençerägi,
Tüm gijäniň sen çyragy,
Açyk duran penjiräňi,
Ýapmak üçin geldiň gözel.
Meni görüp bir ýylgyrdyň,
Gol uzatsam goluň berdiň,
Bir pursat egsildi derdim,
Perwanadym- baldyň gözel.
Eljireden- eljirän sen,
Açgyn ýürek penjiräň sen,
Geçip ençe sençeräkden,
Bir sen diýip geldim gözel.
Nowruz Güýjowden iki goşgy
-
garayolly68
6 years ago
- Gowy goshgylar
-
Gurban93
6 years ago
- Nowruz Güýjow
Aşygyň aýdymy
Ir säherler Gün doganda ýalbyrap
Ýüpek saçlaryňy daraýaň, läläm.
Görküň görüp durun biraz aljyrap,
Sallanyp näz bilen ýöreýäň, läläm.
Gyz göwnüňi gozgadymy goşgulam?
Nurly keşbiň şeýle mährem, hoşgylaw.
Ýigit göwnüm alyp bilmez başgalar,
Setirlermi özüň bezeýäň, läläm.
Saba bilen sülmüreýşiň owadan,
Salam bilen ýüzlenişiň owadan,
Eda bilen ýylgyryşyň owadan,
Gülkiň giň dünýäme barabar, läläm.
Humarly ýaşlykda ýalňyz dilegim:
Gel, bile uraly yşkyň küregin.
Umyt bilen oda düşen ýüregim
Mundan artyk ýaksaň ýaramaz, läläm.
Geçirimli. 6 years ago- Geçip ençe sençeräkden,
Bir sen diýip geldim gözel.
Bäh