Maşgala bagty üçin altyn kanunlar. Doç.Dr. Abdulaziz Hatip Är-aýal söýgilerini her sebäp bilen hemişe bir-birlerine bildirmelidirler. Uly ýa-da kiçi säwliklerinde gynandyryjy ya-da göwne degiji tankytlardan ähmiýetlik bilen uzak durmalydyrlar. Tejribeleri netijesinde alymlaryň we psihologlaryň maşgalalaryň batgly durmuşa eýe bolmagy üçin belläp geçen käbir çärelerine göz gezdireliň: 1- Gysga aýralyklar maşgala bagyny güýçlendirip biler. Uzyn aýralyklar bolsa, maşgala üçin ýykylyşa sebäp bolup biler, şol sebäpli, uzyn wagtlygyna aýralyklardan uzak durmak has amatly; 2- Şadyýan durmuş üçin her iki tarap bir-birlerini ruhy we pikir taýdan örän oňat bilmeli, duýgy, ynanç, ahlak we häsiýetleri taýdan çuňňur tanamalydyr. Diňe şeýle ýagdaýda maşgalany bozup biljek säwliklerden goranyp bileris; 3- Hiçbir özara düşünişmezligiň uzyn dowam etmegine rugsat bermeli däl . Iň gysga wagtda hoşamaýlyk bilen meseläni çözmeli we taraplar ylalaşmalydyr; 4- Öňki sözlüsi ýa-da ýanýoldaşy-bulardan haýsydyr biri bolsun, tapawudy ýok, olar bilen bolan tejribedir wakalardan hiç-hili söz etmeli däl; 5- Aşa idealist (özdiýenli, hakykatçyl, gözi beýiklerde we ş.m.) bolmaly däl, adaty ýaşamaly we ýoldaşyňdan mugjyzalara (adatdan daşary başarnyk we ýagdaýlar) garaşmaly däl; 6- Är-aýal söýgilerini her sebäp bilen hemişe bir-birlerine bildirmelidirler; 7- Gynanja boýun egmezlige gaýrat etmeli, durmuşa hemişe umyt bilen seredip, güler yüzli boluň; 8- Uly ýa-da kiçi säwliklerinde gynandyryjy ya-da göwne degiji tankytlardan ähmiýetlik bilen uzak durmalydyrlar; 9- Özara başlan gohdur galmagaly ilki bada çykanja ýerinde we sebäbinde saklamaga çalyşmaly, şol mowzuga öňden galan başga-da meseleleri goşup, ýagdaýy has hem giňişletmäň! Düşünişmezligi öz elinizde(kontrol) tutuň, çyzykdan çykmagyna rugsat bermäň; 10- Ýersiz we çeşme taýdan takyk bolmadyk gysgançlyk, gaýgy we şübheleriň ýykyjy täsirleri bardyr, zannyňa(çak) we aýdylanlara(gyýbat) görä hereket etmäň; 11- Ýanýoldaşyňa hem özüňe, hem-de özüne guwanmagyny ünde. Oňa guwanýanlygyny görkez; 12- Bagtly bolmak üçin, oňat biri bilen durmuş gurmagyň ýeterlik däldir, özüňiziň hem mynasyp ýanýoldaş bolmagyňyz gereklidir; 13- Tämizlik imanyň ýarysy we mydamalyk söýginiň iň gerekli şetlerinden biridir; 14- Durmuşdaky ýoldaşyň bilen bagtly bir durmuş yaşamak üçin, özüňden bir parça halyna gelen käbir endikleriňizden yüz öwürmeli bolup bilersiňiz; 15- Öz göwnüň üçin isleýan oňat zatlaryňy ýoldaşyň üçin hem isle, özüň üçin edýän aladalaryňy onuň üçin hem et; 16- Almagy bilşiň ýaly, bermegi hem bil. Hemişe öz bereniňden köp mukdarda ýa-da hiç-hili bermän almaga synanyşmaň, özdiýenli(egoist) bolmaň; 17- Her erkek öz aýalynyň hemme ýagdaýlarda öz elinden geleniniň iň oňadyny eden, gyzgyn söýgüsi we hoşamaýlygy bilen özüni razy eden ideal(iň oňat) ýanýoldaş bolmagyny islär; her bir zenan maşgala-da öz äriniň doly ýýagdaýda ynamdar we güýçli häsiýetlere eýe, her-hili mätäçliklerine razy etjek ýagdaýda çäreler tapan biri bolmagyny islär. Her iki tarap hem bu iň oňat ýagdaýa görä hereket etmek üçin gaýrat görkezmelidirler; 18- Durmuşda hemişe bolýan säwlikdir kynçylyklarda derrew ýanýoldaşyňy günäkärleme, ýagdaýa ynsaply serediň; 19- Diňe bugüniňizi ýaşaň, geçen günlerde bolan gynançly wakalary we entäk gelmedik geljekki gaýgylary bugüne getirmäň! Mümkinçilikleriň serhedini geçmän ýaşajak boluň; 20- Nika kanunynyň örän mukaddes bir bag we Allaha berlen bir sözdügini bil! Bu babatda geljekde puşman etjek bir ädimi ätmäkaňiz müň gezek pikir ediň! 21- Maşgala ýagdaýy üçin yşk we söýgi möhüm bomak bilen birlikde, maşgalanyň diňe bu ýagdaý bilen aýakda galjagyny pikir etmäň! Ryzyk, terbiýe, ynanç, ynam, her-hili goldaw we ş.m. başga-da birnäçe ýagdaýlaryň hem wajyplygyny ýatdan çykarmaň; 22- Ýanýoldaşyňyza hemişe görelde boljak häsiýetleri görkeziň, oňat adamkärçiligiňizi diňe bir diliň bilen däl, eýsem-de bolsa, özüňizi alyp barşyňyz bilen hem görkeziň; 23- Biderek ýere goňşydyr garyndaşlaryňyzyň araňyza girmeklerine pursat we rugsat bermäň, mümkin boldugysaýyn, maşgala içindäki hoş bolmadyk ýagdaýlary öz araňyzda çözüň; 24- Ýanýoldaşynyzda säwlik hökmünde görýän käbir zatlaryňyzy derrew düzetmäge synanyşmaň, üýtgemegi üçin belli bir wagta mätäç bolunýan häsiýetler bolup biler. Kiçijek säwlikleri bolsa ulaltmaň; 25- Maşgala jogapkärçiliklerini we yüküni göwün hoşlugy bilen kabul ediň we doly ynanç bilen öz üstüňize alyň; 26- Özara düşünişmezlik we goh-galmagaldan mümkin boldugyça uzak duruň; 27- Geljekde örän şat ýatlamalara we öz araňyzdaky bagyň has güýçlenmegine sebäp boljagy üçin, ýanýoldaşynyz bilen bile işler etmäge wagt aýryň; 28- Ýanýoldaşynyza özüni iň oňat ýagdaýýda beýan etme we dürli oňat ukyplaryny ösdürme pursadyny beriň! Hiç bir wagt oňa ýaňsylaýjy sözler aýtmaň; Zenan maşgalalara degişli ýagdaýlar: Gurhanda:”Ýatladyň! Ýatlatmak mömine peýda berer!” (Zariýat, 51/55) diýilýär. 29- Maddy ýagdaý boýunça hormat goýulmaly we bu asla unudylmaly däl, sebäbi düşünişmezlikleriň esasy sebäplerinden biri hem şu ýagdaý; 30- Mümkin bolsa daşky kynçylyklardyr gaýgyňyza ýanýoldaşynyzy goşmaň, özüňiz çäre tapmaga çalyşyň, yöne begençleriňizi onuň bilen paýlaşmagy hijem ýatdan çykarmaň; 31- Maslahatlaşmak maşgala durmuşynda möhüm esasdyr. Her iki tarap hem maşgala durmuşynda özüni jogapkär hasaplap, bu babatda özüniň bir kenara taşlananlygy ýaly pikirdir ýagdaýlardan uzak durmaly; 32- Maşgala durmuşynda bagtly bolmak diýmek, öýde hiç-hili kyn ýýagdaýlar bilen yüzbe-yüz bolmazlyk däl, eýsem-de bolsa, duş gelen kynçylyklaryň hötdesinden gelmek, düşünişmezlikleri çykan ýerinde çäkli tutup bilmek we ýanýoldaşyňyz bilen bagyňyza erbet täsir etmegine pursat bermezligie baglydyr; 33- Kynçylyklardan gaçmak, aýratynam, öýi terketmek hiç-hili çäre däl! Iň amatlysy dury bir huş bilen pikirlenip, kynçylygyň çözgüdine derrew başlaň; 34- Düşünişmezlik çykanda, ýanýoldaşyňyzyň oňat taraplaryny we gözel ahlagyny hem ýatlamaga synanyşyň, halamaýan taraplaryň onuň ähli oňat häsiýetlerini örtmegine pursat bermäň; 35- “Gylyç ýarasy geçer, ýöne dil ýarasy geçmez!” Maşgala taýdan düşünişmezlik çykannda, ynjydýan sözlerden gaça duruň, ýogsam kiçijek bir mesele sebäpli, ýanýoldaşyňyzyň söýgi we höwesini dolulygyna ýitirip bilersiňiz; 36- “Namysym”, “güýjim” ýaly sözler şeýtanyň köplenç duzak hökmünde ulanýan sözleridir. Düşünişmezlik çykan ýagdaýynda, şeýtan bulary ulanyp, öz ýalňyşyňyzy gowy görkezer we ýaraşma ýoluny ýapmaga synanyşar, şol sebapli-de şol ýagday we sözlerden uzak duruň; 37- Çagalaryňyzyň ýanynda ýanýoldaşyňyzyň bilen özara düşünişmezliklerden we sesiňizi beýgeltmekden uzak duruň, sebäbi çagalar terbiýe taýdan öz ene-atalaryny görelde alyp ulalarlar. Şeýle erbet ýagdaýlar geljekde çagalaryňyzyň hem ulanyp biljegi çäre halyna geler we erbet täsirini görkezer; 38- Zenan maşgala ýanýoldaşynyň goş birikdirmage örän amatly biridigin, onuň üçin guwanç duýýanlygyny bildirmeli; 39- Özara sowgat alyň, çünki söýginiziň artmagyna sebäp bolar. Şatlyga we bagta sebäp boljak bu ýagdaýy adat halyna getiriň; 40- Akylly zenan maşgala, gerek özi üçin, gerek bolsa-da çagalary üçin gerekli ätiýaçdyr isleglerini bildirmek hem-de ýanýoldaşynda bar bolan erbet häsiýetdir ýagdaýlary düzetmek üçin iň oňat pursat we iň oňaýly wagta garaşar. Kämahal oňaýlydyr öýden wagtyňyz, aslynda, bolman biler. Oňat pikirlenilmelidir; 41- Özüňize degişli bolmadyk meselelerde ýanýoldaşyňyza sorag sorap bizar etmäň! Size açmak islemeýän syrlaryny erjellik bilen öwrenjek bolmaň; 42- Öýde bir gyra çekilip, ýeke özüňiz oturmagy endik halyna getirmäň! Mümkin boldugyça ýoldaşyňyz bilen hemdem boluň, gepleşiň; 43- Işleýän bir zenan esasy jogapkärçilikli wezipesiniň öz öýüligini ýatdan çykarmaly däldir. Öýüniň we iş ýeriniň işlerini bir-birinden aýry tutmalydygy bilinmelidir; 44- Ýanýoldaşynyň garyndaşlary gezmäge gelende, hoşnut dälligini görkezmeli däl, tersine olary örän oňat garşy alyp, oňat myhmandarlyk etmekde säwlik görkezilmeli däldir; 45- Aýratyn ýagdaýda gaýyn eneňe hormat ediň, oňa maşgala däp-dessurlaryna görä iň oňat ýagdaýda ýüzleniň! Onuň bilen düşünişmezlige girmäň! Geljekde öz gelniňiziň size özüni nähili alyp barmagyny isleýän bolsaňyz, onda oňa-da özüňizi şeýle alyp baryň; 46- Pygamberimiz goňşy hakyna:”Özi dok bolup, goňşusy aç bolan bizden däldir!” diýmek bilen örän ähmiýet beripdi. Goňşularyňyza kömek etmek, begenç we gynançlaryna goşulmak, olara özüňizi gowy alyp barmak dinimiziň buýrugydyr; 47- Hemişe pikir aýralygy wagtyň geçmegi bilen köňül aýraalygyna sebäp bolup biler, şol sebäpli, kämahal razylaşmasaňyz hem ýanýoldaşyňyzyň pikirlerine goşulyň, elbetde, edilen iş Allaha garşy gelýän hilden bolmazlyk şerti bilen; 48- Öýde ýanýoldaşyňyzyň mätäç bolan ümsümlik ýagdaýyny çagalaryňyzy zehinlerini ösdüriji oýunjaklar bilen güýmäp, kömek edip bilersiňiz; 49- Çagalar bu dünyäde Allanyň ynsanlara beren iň uly nygmatlaryndan biridir. Olara üns bermän, oňat terbiýe etmän ya-da haysydyr bir başga zada has köp ähmiýet berip, olar üçin az alada etmek bilen bu nygmaty özüňiz üçin azap halyna getirmäň; 50- Çagalar seretmek we olary terbiýe etmek babatda gerekli we ýeterlik sagdyn hem-de takyk bilimdir maglumatlara eýe bolmaly, şeýlelik bilen olara nirede we haçan näme etmelidigiňizi oňat bilersiňiz. Munyň netijesinde bolsa, hem ruhy hem-de beden taýdan örän sagdyn çagalar ýetişerler; 51- Ahyret işlerinde her iki tarap bir-birine kömek etmelidir. Dünýäni isleýşiňiz we oňa ähmiýet berişiňiz ýaly, ahyreti-de isläp, oňa gerekli bolan ähmiýeti görkeziň; 52- Pul sowmaklykda isrip maşgala bagtynyň bozulmagyna sebäp bolar. Allanyň nygmatyny ýok eder. Allah isrip edenleri söýmez. Bu babatda seresap we tygşytly boluň, şeýlelik bilen garyplyk ýüzi hem görmersiňiz; 53- Oňat niýet we duýgydaşlyk bahanasy bilen hem bolsa, tanyşlaryňyzyň siziň hususy durmuşyňyza goşulmagyna rugsat bermäň; 54- Öýňüziň syrlaryny ne dostuňlaryza, ne-de garyndaşlaryňyza aýtmaň! Çeşme: www.ailem.com.tr (san:12 Gorkut aýy, 2004)

Köneler, ata tarapyndan 17 years ago
    ata 16 years ago
  • öňem ýazan bolmagym mümkin, ýöne "gowuny gaýtalamak gowudyr" şygary boýunça, ýene bir gezek hem blsa ýazmakçy:

    Ilki bilen-ä, halkyň iň kiçi guramasy maşgaladyr, olam öz agzalaryndan ybarat bolýar. Şu gurama örän oňat ýagdaýda dini, ahlaky we döwletiň resmi kanunlara tabyn bolup, şoňa laýyklykda-da amal etse hem-de beýleki maşgalalara görelde bolaýjak bir durmuş ýaşasa, maşgala içi agzalalyk emele gelmez diýip pikir edýärin.

    Onuň daşyndan, maşgalanyň bagtly bolmagy üçin iň wajyp ýagdaýlardan biri hem şol maşgalanyň esasy agzalary bolan erkek we onuň ýanýoldaşy bolan zenana baglymyka diýýän hemme(dini, ahlak-terbiýe, kanunlar, ryzyk we ş.m.) taraplaýyn. Ynha, şul ikisiniň düşünişip, maslahatlaşyp we durmuşdaky wajyp meseleleri bileleşip amala aşyrmalary netijesinde hem maşgala atly gurama başarnykly bolar pikirimçe. Bu ýagdaý üçin hem wajyp bir ýagdaý:

    Eger olardan haýsydyr biri gaharly bolsa ýa-da biri has gaharly bolsa, onda az gaharly bolan kän gaýtawul bermän, ýanýoldaşyny diňlemeli. "Gahar-gazap şeýtandandyr" hadysy boýunça, gaharlanan biriniň akylly zat etmegi örän kyn bolýar, sebäbi, "gahar bilen ýerinden turan, zyýan bilen ýerine oturar" diýleni bolup bilýär köplenç şeýle halatlarda. Iň azyndan gahary geçýänçä, ýanýoldaşyna bu babatd goldaw bermeli, gaňryşyna gitmeli däl, ýagny, "ýanyp duran oduň üstüne suw ýerine salýarka sepmeli däl"mikä diýýän. Onuň gahary ýatyşansoň, oňat bir dil bn ýagdaýy bildiräýen ýagdaýyňda, öz säwliine düşünip, ýerlikli ötünç soramak hem beýikligiň alamaty, ynha, şu ýagdaý bolarmyka diýýän netijeseinde.

    Şu zatlar hem hakydama gelýär kämahal bu babatda tejribelileriň beren maslhatlary arkaly.

    a.b: Ýaş ýetdi-dä - düşünäýiň :)))
Teswir ýazmak üçin Içeri gir