Dünýäniň köp ýurtlarynda Şenbe-Ýekşenbe günleri, ýagny bizdäki altynjy we bazar günlerinde halka resmi jogap berýärler. Biz muňa “dynç günleri” diýsek ýalňyşmarys. Hawa, dynç günlerinde näme edilmeli, näme goýulmalydygy bu adamyň özüne bagly. Ynsanyň gözel göwni näme isleýän bolsa edibermeli. Bu ýazgymda dynç günlerinde edilip bilinjek gyzyklyja zatlar hakynda kiçi wagtymda eşiden maslahatlarym we beýleki gören-eşidenlerimi belläp geçmek isleýärin.
Çagalykda we ýokary okuwdaky berilýän tomus dynç alyşynda Türkmenistana baranymda dynç günlerinde gulagyma guýulýan maslahat “geçip ýat, dynjyňy al” diýmekden ybaratdy. Elbetde, bu maslahata ak ýürekden, mylaýym äheňde aýdylan we adamynyň rahatlygyny isleýän maslahat hökmünde seredip bileris. Daşarynyň jokrama yssysynyň täsiri, ertirden agşama çenli işleýän adamyň agyr we uzakly gün edýän zähmetiniň netijesinde özüniň ýetip bilmän ýören uklamak arzuwynyň täsirinde, ýa-da etmäge hiç hili zat bolmaýanlygy sebäpli berilen maslahat bolup biler. Tebigy ýagdaýy düzeltmek gowulaşdyrmak kän bir biziň elimizdäki ýagdaý däl. Döwlet ýa-da hususy iş ýerlerindäki iş şertlerini düzeltmek tebigy ýagdaýa görä has aňsat bolsa gerek. Ýagny adamlaryň öz pikirlerini beýan edip, amatly çözgütler tapylmagy mümkin. Meniň nygtamak isleýän meseläm iş şertleri, zähmet ýagdaýy däl (olar özbaşyna bir mowzuk), “etmäge hiç hili zat ýok” meselesini has açmak jaýdar bolar öýdýän.Başda agzap geçişim ýaly, köp ýurtlarda hepdäniň iki güni dynç alyş, bäş güni iş diýlip kanun bilen berkidilen sistemalary bar. Käbir ösen ýurtlarda bolsa, ilata iş sebäpli agyr ýük münmesin, arkaýyn ýaşasynlar, işden başga zatlar(çäreler) bilen meşgullansynlar diýip başgaça düzgünnamalary durmuşa ýerleşdiripdirler. Adam sosial jandar, ýagny birbiri bilen aragatnaşyk gurnap, habarlaşyp, gürleşip, jemgyýet gurap ýaşaýan jandar. Işden başga wagtlarda dürli-dürli çäreler gurnap, olara gatnaşyp ruhuňy doýurmak suw-çörek ýaly zerurdyr. Dürli-dürli çärelere mysal hökmünde dünýä belli kompozitorlaryň ýazan sazlaryndan gurnalan konsertlere gitmek, suratkeşleriň döreden surat sergilerine gitmek, dünýä belli çeper eserlerden gurnalan teatrlara, sirklere gitmek ýalylaryny belläp bileris. Bu çärelere gitmek bilen gündelik durmuşyň kelle agyrdýan meselelerinden daşlaşmak we işiň bize ýetirýän zeperlerini azaltmak, fiziki ýadawlygy azaltmak has hem aňsatlaşar. Şeýdip ruhumyzy sungat bilen doýuryp, jemgyýetdäki barlygymyza many berip bileris. Beýleki tarapdan bolsa, märekäniň bolýan ýerine gidip täze adamlar bilen tanyşyp, gürrüňdeşlik gurnap, gymmatly dostluklar, tanyşlyklar edinip bileris. Maddy bolmadyk gymmatlyklaryňy, maddy gündelik durmuşyňa ýerleşdirmek, kelläň agyryp duran wagty berilen derman ýaly bolar.
Dynç güni edip boljak birnäçe goşmaça hereketlerbilen durmuşyňyzy owadanlaşdyryp, has gyzykly edip bilersiňiz. Meselem, dost-ýarlaryňyz ýa-da maşgalaňyz bilen tebigata çykyp aýlanyp bilersiňiz. Gezelençler gurnap, ýa-da balyk tutmaga gidip bilersiňiz. Bu mysallar bilen men siziň pikirleriňize çäk goýasym gelmeýär. Siz dynç günleriňizi bezemek üçin kelläňize näme gelýän bolsa we bu pikir ýanyňyzdakylary hem höweslendirse etmekden çekinmän. Bu durmuş siziň durmuşyňyz, nähili isleseňiz şeýdip ýaşajak boluň.
Size iň ýakyn adamlar bilen wagt geçirmek, size bolan hormaty we söýgüni köpeldýär. Meselem, söýgüliňizi, ýanýoldaşyňyzy, ene-ataňyzy, ýakyn dost-ýarlaryňyzy kiçijek surprizler bilen şatlandyryp we araňyzdaky baglanyşyklary has hem berkidip bilersiňiz. Ýaşaýan ýeriňizden uzakda, mümkin bolsa başga welaýatlarda, başga ýurtlarda birküç günlük myhmanhanada dynç alyş sowgat edip bilersiňiz. Bu gysgajyk durmuşyňyzda söwer ýaryňyz bilen ýygy-ýygydan ikiçäk wagt geçirmek oňa iň uly sowgat bolar.
Biz bu dünýäde işlemek üçin ýaşamaýarys, ýa-da ýaşamak üçin işlemeýäris. Biz ýaşamak üçin ýaşamaly. Bu dünýäniň gaýgylary köpdür, ýöne biz içinde gark bolmazlyk üçin şeýle hereketler, çäreler bilen durmuşymyzy bezemelidiris. Eger özümizi ruhy, fiziki taýdan wagtal-wagtal gandyryp durmasak ömrümiz geçip gider. Yzymyzda bolsa diňe, gynançlar, gohlar, erbet geçen wagtlar, işden galan ýadawlyklar galar. Durmuşyňyzyň gadryny ýaşaýan wagtyňyz biliň, soňra giç bolar...

Gaygysyz Ashyr

Sorag-jogap, Acelya tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir