Gaññalyñ oýunda-Tejende galdy Meniñ ýigit wagtym,seniñ gyz wagtyñ Okgeçmez ýylgynlañ içinde galdy Meniñ ýigit wagtym,seniñ gyz wagtyñ Bir ýandan uruşdy,bir ýandan hasrat Hasrat bolçylykdy,hezillik gahat Şol ýowuz ýyllara gelipdi gabat Meniñ ýigit wagtym, Seniñ gyz wagtyñ. Däriler ýanýardy,ys köpelýärdi Gidýänler gidýänden has köpelýärdi Toýlar azalýardy ýas köpelýärdi Meniñ ýigit wagtym, Seniñ gyz wagtyñ. Söýüşmek düşmejek ýalydy ýada Emma söýgi diýen jadyly zada Höküm etmez hiç hili kada Heniz ýigit wagtym Heniz gyz wagtyñ Diýerdim: \"Geregim,çen boldy oýlan! Ähli boýdaşlaryñ başlary boglan\" Sen diýerdiñ:\"Garrap barýarmyñ oglan? Äwmañ öz bagty bar, Sabyryñ öz bagty!\" Boýnuñdan gelerdi jeññeliñ ysy Goýnuñdan urardy tümlügiñ ysy Demiñden kükrärdi müñ gülüñ ysy Meniñ ýigit wagtym, Seniñ gyz wagtyñ. Kem-kemden golaýlap lebiñe lebim Çabrap başlanda demiñe-demim Näz bilen iterdiñ:\"Hany edebiñ? Söýgi bulaşmazmy Edep az wagty ?\" Oñuşmaly bordum saçlaryñ ysgap Leb gadagan wagty-olam bir hasap Ýöne beýle hasap düşmezdi añsat: Hasap ýitýän eken Dyzba-dyz wagtyñ. Çykarmy ýadymdan şol täsin pursat? (Çykjak bolaýsa-da bermen rugsat !) Gursagmyñ üstünde gürsüldäp gursak, Keteniñ içinde gyzyl köz wagtyñ Sagatlar tiz geçdi,tiz geçdi şeýle, Ýañja-da guşlukdy,bolupdyr öýle. Sen diýdiñ:\"Pylan jan,gaýdaly öýe, Ýigdiñ öz wagty bar Gyzyñ öz wagty

Köneler, agash55 tarapyndan 17 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir