Nädip musulman bolduk diýip hiç özümize sorag bermedik. Bu babatda hemmämiz ile goşulyp gitdik, dine we Allaha bolan ynajymyzy bir gezegem soraglamadyk we ähli bu zatlary öz erkimiz bilen edýändiris öýdüp pikir etdik. Emma soraglamana başlan wagtymyz, musulmanlyga geçmegimiziň arkasynda Yslam çeşmelerinde hem bar bolan ganly we gorkunç taryh ýatandygyna göz ýetirýäris. Däp-dessurlarymyzda we il içinde edilýän adaty gürrüňlerde bolsa elmydama bu zatlar ýaşyrylýar. Taryha düşünmek üçin iň başalara gitmek gerek. Ysraýyllylaryň ýahudiligi, sümerlileriň köne ynançlary, hytaýlylaryň we hindistanlylaryň buddistligi ýaly, yslama geçmezden öň türkmenleriň hem öz syýasy, ykdysady we medeni taryhyndan dörän bir ynanjy bardy: Ot parazlyk. Türkmenleriň yslamy kabul etmeginiň aslynda pikir edilşi ýaly bir Taňra bolan ynanç däldir, tersine bu VII - X asyrlar aralygynda Merkezi Aziýada türki milletlere garşy alyp barylan gorkunç, ganly söweşleriň netijesidir. Arap ýarym adasyndan dini ýaýmak maksady bilen araplaryň ýola çykmagynyň esasy sebäplerinden biri hem araplar iň gysga ýoldan baýamak islemekleridi. Ol döwürler araplar üçin durmuş şertleri kyndy. Özlerine nusga alýan adamlary bolsa Muahmmet pygamberiň egindeşleridi we bular din arkaly söweş oljalaryna eýe bolup iň gysga ýoldan baýan adamlardy. Türki halklaryň yslama geçmeginde iň esasy rol oýnan adam arap serkerdelerinden Kuteýba ibn Muslimdir. Türki halklaryň nä dereje wagşylyk bilen musulmanlaşdyrylandygyny beýik yslam taryhçysy Ebu Jafer Taberinip eserlerinde hem görüp bilersiňiz. Taberi eserinde şeýle ýazýar: - Maňa bir türkmen kellesi getiren, 100 dirhem alar. Arap basyp alyjylary türkmenleri wagşylyk bilen gyrýardylar, emläklerini, baýlyklaryny talaýardylar. Nämeleri bar bolsa eýe bolýardylar. Kuteýba, Talkana çozdy. Öldürilenleriň sany örän köpdi. Türkmenleriň läşleri töwerekdäki ähli ýollarda agaçlara asylypdy. Mundan soň Merwelarud hüjüme geçdi. Türkmen serkerde gaçdy, Kuteýba iki ogluny ýesir aldy we şeýle diýdi: - Allaha and bolsun, eger siziňki ýaly soňky sözlerim hökmünde üç kelam aýtmaly bolsadym, şeýle diýerdim: ''Uktülühü , uktülühü , uktülühü" (Hemmesini öldüriň, hemmesini öldüriň, hemmesini öldüriň). Hemmesini öldürdiler we kellelerini-de Kuteýbäň emiri we oljalaryň bäşden birini alan Hajjaja iberdiler. Samarkandy basyp alanyndan soň Kuteýba, ýerine inisi Abdullah bin Amiri goýup Merwe gaýtdy. Üç asyr dowam eden Türk-Arap urşundan bellikler : 1) 100.000 türki halk gyryldy. 2) 50.000 türki gul edildi. 3) Şäherler talandy, halk bolsa uruş oljasy hökmünde gul edildi. 4) Ençeme medeni eser ýok edildi we taryhy eserler ýakyldy. 5) Diňe Talkan gyrgynçylygynda 40.000 türki söweşijiň kellesi alyndy, 24 km. ýol boýunça agaçlary asyp goýuldylar. 6) Jurjan gyrgynçylygynda-da 40.000 türki söweşijiň kellesi alyndy, derýalar gyrmyzy akdy, jesetler ýene agaçlara asyldy. 7) ''Tabyn bolsaňyz, janypňyz bagyşlanar'' sözi tutulmady. Halk, erkek-aýal “şerigatda söz-wada diýilen zat ýokdur” diýip öldürildi . 8) Araplar bu uruşlar we we ondan gelen oljalar esasynda baýlyga eýe boldular. 9) Türkiler, arap basybalyjylaryndan basylyp Hytaýlylardan kömek soramaga mejbur boldular. Şeýlelikde, arap basybalyjylaryň yzlary bilen maşgalalary hem gelmäge başlady we munlyk bilen Araplaryň ilkinji göçgüni başlady. Olaryň köpüsi Eýrana, Merwe, Horezme we beýleki ençeme baý şäherlere göçüp başladylar. Türkmenler ýowuz söweşler arkaly musulman bolan bolsalar hem hojalyklarynda ot parazlykdan galan däp-dessurlar bilen ýaşaýardylar. Muslumandygy babatda çynlakaý bolup ýa-da bolmandyklaryny subut etmek üçin arap maşgalalaryny öz hojalyklarynda bile ýaşamaga kabul etmek mejburyýetinde hem galypdylar. Arap maşgalalary syýasy güýjüň ornaşmagy we diniň ýaýrap ýerleşmegi babatda işleri has aňsatlaşdyrdy. Bu aramyza ýerleşdirilen arap maşgalalaryň nesilleri aramyzda häzir hem ýaşaýarlar. Biz olary dini hojalarymyz diýip tanaýarys.

Köneler, Panturkist tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir