“Ýaşaýyşdan bizar boldym” diýýän adamlar az däl meň özümem käwagt aýdýan ýöne gat ýalňyşýas ýaşaýyş bu bize berilen sowgat biziň köpimiz bolsa onun gadryny bilemizok. Ine gezip ýörüňiz öňüňizde uly planlar, näçe etsem-goýsamlar bar birden agyr kesellediňiz hemem ýaşamaga biraz ömrüňiz galdy. Şonda näme üçindir adamlar özüni ýaşamaga däl-de ölmäge taýynlap başlaýalar ýaşaýyş hakda däl-de ölüm hakda pikir edýäler! Belki şondan onuň organizmy gowşap, sussy pes bolýa we organlar passiw işleýändir?! “Ölümden başga hemme zada çäre bar” diýýäler belki hakykatdyr, ýöne menä oňa-da bir çäre barmyka diýýän iň bolmanda birazajyk hem bolsa yza süýşirmäge! Ynam gerek! Ynam, isleg hemem goreşmeli, “ikibaşdan boljak zat bolar” diýip otyrmaly däl yhlas etmeli, dileg etmeli. Seň maňlaýyňa ölüm ýazylgy hem bolsa sen dilegler bilen belki Alla ýalbaryp bilersiňä, belki ol saňa ýene-de biraz ömür sowgat berer belki has köpürak berer! Ýazgydymyzy ol ýazýan bolsa ol ony üýtgedibem bilera prosto biz biraz oňa özümiziň ýaşasymyz gelýändigini duýdyrmaly! Ýene-de sagalmak üçin eliňden gelenini etmeli “men ölern” diýip pikir etmeli däl-de “men ýaşarn” diýmeli hemem ýaşajagyňa ynanmaly! Bir çäresi bar bolsa hemmesini edip çykmaly ertirki gün “wah” diýmeziň ýaly!
Ýaşaýyş üçin göreş!
-
Harmandali
17 years ago
- Öň bir ors žurnaldan okapdym bir adamyň ýüreginde rak bar ekeni hemem dogtorlar ony bejerip bilmändirler. Soň ol adam bir gyza aşyk bolupdyr hemem onda ýaşaýyşa bolan höwes döräp başlaýa keseli hakda asla unutýa aýra düşesi gelmeýä garaz aşyk bolýadaraý. Soň onuň keseli hiç hili bildirmän başlaýa dogtora barlatmaga barýa weli, onda hiç hili ragyň yzyny tapmaýalar. Öň ýüregindäki rak ýuwaş ýuwaş öz-özünden aýyrlyp gidipdir. Nämäň esasyndadygyny hiç kim bilenok. Belki söýgi zerarly, belki ýaşamaga isleg, belki ynam….
Gudrat bara dünýäde özüňizem eşidýänsiňiz! Belki keselden hem gudrat bilen gutulyp bolýandyr!
-
agajanh
17 years ago
- beh... geň
-
Harmandali
17 years ago
- Beýleki agzalar sizem bir zatlar ýazaýyňda!!
-
agajanh
17 years ago
- gaty görme welin meňä şu wagt kelläme gelenok. beýleki agzalaram gelseler ýazarlar.
-
Harmandali
17 years ago
- Ay shu gun ichgysgynchlay hich kim yok gelenlerem hich zat yazanoklay :(((
Menem gideyin ertir bir zatlar yazylarda!
-
Farabi
17 years ago
- Öňräk ýalňyşmaýan bolsam dicovery channel-de görüpdüm öýdýän. adamy 1000 ýaşar ýaly edip boljak käbir teoriýalaryň üstünde gürleşilýärdi. şuny gören bar bolsa ýatladyp goýberseňiz?
-
Harmandali
17 years ago
- Mena goremok 1000 yashar yaly baynba ol 1000 dagy yashasa son ol adama bir menzarmika?! Yuz gozu gorer yaly bolmaza ay yok mena 100 yashasym gelenok 1000 anyrda dursyn.
-
Harmandali
17 years ago
- A belki Alla synagdan geçirýändir “meň oňa beren ömrümi ýaşamaga mynasypmy, gadryny bilýämi” diýip. Eger ol derrew boýun egse, ejizlik etse onda onuň synagdan geçmedigi hemem ýaşaýşyň gadryny bilmeýänligi.
Meň joramyň kakasynyň ýüregi parok ýekeje dogtoram ony alanok “biz muny boýnymyza alyp biljekdäl” diýip yzyna gaýtarýalar. Dogtorlar oňa öler diýdiler ýöne eýýäm ondan bäri 7-8 ýyl geçdi ýaşapjyk ýör gaýtam tüweleme ýörap hem başlady ol-bul işlerem edýä. Sebäbi özem, çagajyklaram dileg edip diňe Alla bil bagladylar başga çykalga hem ýokdy günleri kyndy. Ol öžümiň barisinden köp gaýdýady bir gezek has agyr boldy daje çagalary bilen hoşlaşdam. Şonda skora gelse ol olara elini hem degirtdirmändir “Men diňe Alla ynanýan” diýip demini sanap agyr ýatypdyr. Şol hem oň iň soňky gezek agyr bolan güni boldy. Belki şonda ol Allaň synagynda durandyr?! Ondan bäri 3 gyzyny durmuşa çykardy çagalaryna guwanyp olaryň güler ýüzüni görüp maslahat berip olaryň arasynda ýaşapjyk ýör. Indi oň 1 ogly 1 gyzy galdy ol “şularyňam bagtyny görsem rahat gözümi ýumarn” diýýä. Ýöne ol şu gününe hem şükür edýä.
-
ata
17 years ago
- harmandäli, özüň açyp, özüň hem alyp çykypsyň :)
garaz, ýazanlaryňda dogrulyk paýy barmyka diýýän, ýagny, ýaşaýyşa ynam, Biribardan yhlas bn dilemek we durmuşa pugta, isleg bn ýapyşmak we ş.m.
Ajal gelse, ol yzyna gitmez, ýöne Biribar kä ynsanlara şeýle synag arkaly Özüne has ýakynlaşmagyny, tanamaýan bolsa tanamagyny isleýän bolup biler, has takygy, yhsan edip biler.
arhiwde kysmat atly mowzukda bu babatda bardy, ýene-de isleg bildirilse, bu babatdaky ýazgyny şu ýere goýup bilerin?!
Ýöne Biribar ynsanyň kysmatyny ýazýar diýeňde, Biribar ynsanyň öz erki bn nämäni seçip, näme etjegini we netijesiniň näme boljagyny bileni üçin ýazýar, Biribar bir zatlar ýazany üçin ynsan şeýle bolýar diýmek däl. wertolýot mysaly bardy dagdaky maşyny yzarlaýan...
-
Harmandali
17 years ago
- Ay hawalay bu temada yazyan adam yoklay. Shol diyyan zadynyzy shu yerde goyayynsana!
MEn diyjek bolyanym eger ajal bizin manlayymyza yazylan hem bolsa Alla dileg edip ony uytgedip bolyandyra sheylemi?! Mena ynanyan ony uytgedip bolyandygyna!
Keselleman 12 sunnun abat bolup hem 2-3 sekundyn ichinde olup gidyan adamlara bara.
-
Farabi
14 years ago
- telomere adamyn yaşyny kesgitleyar diyip alymlar aydyar. her öyjük bölünende telomere gysgalyan ekeni. telemorin gysgalyp yok bolmagy bilen öyjükler öz özüni yok edip başlayar. alymlar telomerin ömrüni uzaltmak bilen adamyn yaşyny uzadyp boljagyny hatda adamy ölmez yaly edip boljagyny aydyarlar.
-
dereksiz
14 years ago
- Ay edil olmez yalaga etmezlerlay,bary 1 adam olmeli,yashaysha howes isleg bolmaly,esasanam ruhy dunyang belent bolmaly diyip hasaplayan,ruhy dunyane goldaw bermeli,eger ruhun pes bolsa,elbetde yashaysh dar,hem gyziksyz gorunyar..s.t aytyara ruhunyz tug deyin belentde bolsun
-
Nyusha
14 years ago
- durmu6ynda maksat bolmasa ya6asynam gelmeya. 6on un ynam bolwaly we maksat
-
Cwetocek
14 years ago
- yashamak ucin goreshmeli!!!
-
hallboy
14 years ago
- Yöne gaty gitsen durmush mayyp etmänäm hich zatcha görenok.
Harmandali 17 years ago- Men M.S.Norbekowyň “опыт дурака или Ключ к прозрению” diýen kitabyny gözüm üçin okap boldym ýaman gowy kitap eken. Ol adam iň agyr dogtorlaň bejerip bilmedik adamlaryny hem ynam hemem käbir usullaryň üsti bilen sagaldýa. Şol adamyň özi öň 1 derejeli inwolid, durmuşda hiç zada ýetmedik, hatda çagasy hem bolup bilmeýän ekeni. A şu wagt bolsa sagdyn, çagalary bar, hemem dünýäde tanalýan adamlaryň biri. Şu wagt ol Moskwada öz institutyny, ýörite kurslar acypdyr kesel adamlary bejerýä ýöne dermanlaň üsti bilen däl. Oňa ýüz tutan adamlaň hemmesem sagalýa. Mende adreslary bar şu ýerik ýazaýyn meň entek özümem açyp göremok: www.ast.ru / internet@norbekov.com / www.i-institut.ru