Öz öýüňde nahar iýmegiň gadryny öýünde nahar iýip bilmeýänlerden soramaly, her gün restoranda iýip bizar bolup öýde oturup nahar iýmegiň keýpini küýsänlerden soramaly. Ýagny menden soramaly. Men öň daşardan restoranlardan nahar iýemokdym, iýsemem kämahal iýýädim. Emma eýýam näçe watgdan bari öýde pişirip nahar iýip göremok we iýmegi gaty küýseýän. Men bu ýazgymda ejemiň pişiren nahary barada gürrüň edemok, ony hemmäniň küýsäninden şüphäm ýok, diňeje öýde nahar iýmegi küýsänimi aýdýan. Daşarda restoranda her gün her gün iýýän welin hiç keýpi ýok naharyň. A öýde iýemde hezil edip keýpini alýadym naharyň. Daşarda iýmegem gaty gymmat düşýä, belki öýdäki çykdajyň 5 essesiçe bardyr. Şonuň üçin baýasam menem restoran açjak. Talyplara %50 mugt etjek :-) İýen naharyndan hem doly lezzet alyp bilmän semräp gidip otyrmagam geň zat gerek? :-)

Köneler, shahyr tarapyndan 17 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir