Ýaňy Türkiýeniň Zaman gazedinde çap edilen bir makalany okadym. Makalanyň adyny Türkçeden Türkmen diline dogry terjime etmeli bolsa \"Şöhradyň ýumrygy Atagüne agyr geldi\". Makalada beden taýdan garaňda boksy oňarmajak ýaly görünýän Atagüniň nähili boksa ukyply bolup çykyşy barada söz açylýar. Atagüniň 48 kilodygyna garamazdan ukyby we emeli bilen özünden has daýaw boksýorlary ýere sermegi başaryp, entek 17 ýaşynda dünýä riňginden kümüş medal bilen aýrylmagy başarandygy ýazylýar. Bir bada gazanylan bu üstünlikleriň bolsa adaty maşgalanyň çagasy bolan Atagüni nähili başdan çykarandygy we soňlygy bilen Atagüniň üstünliginden nam-nyşan galmandygy barada aýdylýar. Bu ýönekeý bir mysal. Diňe ýaş sportsmenler däl eýsem ýaşy bir çaka baran tutuş döwlet ynanylan adamlaryň hem abraýy göterip bilmeýänligine şaýat bolmak mümkin. Abraý götermek şeýle agyr düşýän zatmyka?

Köneler, Farabi tarapyndan 17 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir