Russiýa Federasiýasynyň 1-nji wisse primýeri Dmitriý Medwedew (Дмитрий Медведев) geçenki konfrensiýada orsýetdäki mekdepleriň ählisine internetiň elýeterlidigini we öz beren sözünde tapylandygyny habar berdi. Orsýetdäki 59 müň mekdep 2007-nji ýylyň ahyryna çenli ählisi interneda baglangy bolmalydy. Alp Arslan aýynda 95 göterimi (%) doly internet bilen üpjün edilipdi. Ine şu wagta çenli hem galan 5%-i ýerine ýetirildi. Şeýle hem şu ýylyň dowamynda 12 müň sany mekdebe täze kompýuterlaryň ýerleşdirilendigini nygtap geçdi. Ýokardaky agzalan zatlary etmek üçin jemi 2.5 milliard rubl sarp edildi. Internet üçin ýylda takmynan 1.1 milliard rubl çykdaýjy ediler.
Orsýetiň ähli mekdeplerinde internet elýeterli
-
agajanh
17 years ago
- Beýle günler agtyklarymyza bir nesip edewersin :-)
-
Harmandali
17 years ago
- Wiy shu wagt bizdaki internet kafelarda-da 1 sagady 60 mun bolupdyrü Hudaya shukur onkuden 30 mun arzanlapdyr belki sheyle dowam etse sona baka orslanky yaly hem bolar :)))
-
turkiye
15 years ago
- türkmenistanyň internet kafesinde-de kameranam özüň eltmeli.her öyde internet bolsady ilki bilen şonyň şanyna toy ederin.inşalla bolarda.
-
agajanh
15 years ago
- turkiye, internet açdyrmak kyn däl. MTS-yň üsti bilen. Ýöne gije ulanmaly bolýaň. Aý şuwagt uly edip ýazmaga ýaltanýan...
Eger gerek bolsa aýdaý, ertir ýazaryn.
-
turkiye
15 years ago
- agajan/ dogurdanam nädip çekdirmeli şu internedi?
-
turkiye
15 years ago
- yeke özüm galdym öýütýän.
Batyrgyz 17 years ago- Ah, oruslar, oruslar. Olaryn bir taryhyny bilsen onda dushunersin name uchin olar shoncha bilim uchin pul yoklayandygyny.
A bizinkiler? Kimden koprak pul alyp bolyar....