Şu wagt Mattafix-yň täze çykan «Living Darfur» atly single-ini diňledim, gowja bolupdyr haladym. Bu aýdymy «Save Darfur», «Rock For Darfur» we «Darfur Now» ýaly guramalaryň edişi ýalak kömek etmek we kömek ýygnamak uçin ýazypdyr. Darfurda bolup geçýän urşy, gyrgynçylygy, kynçylygy dünýä eşitdirmek üçin Mattafix-yň seçen ýaly şeýleräk, sebäbi täze albomy köpden bäri garaşylýar, şeýdip köp adamyň Darfurdan habary bolar. Darfurda näme bolýa ? Darfur sudanyň gunbatarynda bir raýon, Liwiýa,Çad we Orta Afrika Respublikasy bilen araçäkleşýär. Ol ýeriň ilaty maldarçlyk etýär, gün günden guraklygyň artmagy bilen öňden bäri paýlaşylyp bilinmän duran suw gözbaşlary we otlyk meýdançalar has hem azalyp başlaýar. Netijede 2003 ýylynda hiçijek gozgalaň bolýar, bunyň yzy bolsa urşa ýazýa, bir tarapda ýerli ilat (JEM, NRF) , garşy tarapda bolsa hökümet tarapyndan döredilen we goldanýan «Janjaweed» topary. Öňden bäri Çad bilen urşup gelýän Sudan hökümeti, Çaddan kömek alýalar bahanasy bilen Darfurda etnik gyrgynçylyga başlaýar. Şu wagtky maglumatlara göre 200.000-den kän adam öldürilipdir, ýene de 2.500.000 adam gaçgak bolup lagerlerde ýaşaýar. UN netije gelmegi kän wagt alýar, başda Sudan Darfura kömegi kabul etmeýär, indi bolsa amerikaň embargosyna çydaman UN goşunlarynyň Darfura girmegini kabul etdi. Indi näme bolar ? hüdaý bilýä ...

Köneler, mc_merw tarapyndan 17 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir