Türkmenistanda awtoulaglaryň ýangyjynyň bahasy ýakyn wagtlarda ýokarlanýar diýen ýalan gep-gürrüň çykdy. Bu ýalan gep-gürrüňleri eşiden raýatlarymyz bolsa howsala düşýärler. Emma, bu gep-gürrüňlere ynanyp howsala düşmeklige hiç-hili sebäp ýokdugyny göz etirdim. Ýagny, bu barada Türkmenistanyň Nebit-gaz ulgamynda işleýän tanyşlarymdan soranymda, olar awtoulaglaryň ýangyjynyň bahasyny ýokarlandyrmak boýunça iş alnyp barylmaýandygyny düşündirdiler. Şeýle-de, awtoulagyma ýangyç guýdyrmak üçin ýangyç guýujy stansiýalara baranymda, ol ýeriň işgärleriň birnäçesinden soranymda, olar gülküli, ýalan gep-gürrüňlere gulak gabartmazlygy aýtdylar. Şeýlelik-de, käbir adamlar özleri howsala düşüp her dürli gep-gürrüňler çykarýarlar.
Awtoulaglaryň ýangyjynyň bahasynyň ýokarlanýandygy barada
-
parahattm
9 years ago
- menä galan zady göremok
-
Ishli
9 years ago
- men şu ýylyň iýun aýynyň 1-den awtoulaglaryň ýangyjynyň bahasy ýokarlanýar diýen ýalan gep-gürrüňleri ýalandygyny aýtdyma. Sebäbi men ol barada Türkmenistanyň Nebit-gaz ulgamynda işleýän tanyşlarym maňa ýalandygyny düşündirdiler
kitaphanachy 9 years ago- Şu bahada dursa bolar