Mundan 6-7 ýyl ozalam ýurdumyzda neşekeşlik ýowuz belady. Halk içinde „Neşekeşe çäre ýok“ diýen düşünje ýörgünlidi. Emma döwlet derejesinde neşekeşlige garşy alnyp barlan göreş özüniň oňyn netijesini hem berdi. Bu günki gün neşekeşligiň köküne palta uruldy diýip, arkaýyn aýdyp bileris. Häzir ýurdumyzda neşe söwdasyny edýänler (neşe baronlary) asla ýok, ilçilik ýek–tük bar bolaýsa–da, neşä baş goşýanlaryň bu gün bolmasa ertir ele düşjegini hatda olaryň özlerem bilýärler. Şeýlelikde düýnki gün neşä ulaşan ýa–da onuň ownuk söwdasyny edenler degişli jezasyny çekip, günäsi geçilip, düzelenleriň tas hemmesi diýen ýaly jemgyýete garylyp, dürli pudakda işleşip ýörler. Bu bolsa düýnki gün neşekeş bolan ýa onuň kiçi söwdasyny edenleriň ýaman pälden el çekip, olaryň müňlerçesiniň päk zähmeti bilen, jemgyýete goşulandygyny alamatlandyrýar. Soňky ýyllarda amnistiýa–zyndanda oturanlaryň günäsini geçme her baýramçylyklara gabatlanyp amala aşyrylýar. Her amnistiýada 1500 çenli eden etmişine toba eden tussaglar goýberilýär. Tussagdan boşap gelenleri işe ýerleşdirmek hakynda öňler hem aýdylýardy. Ýöne soňky wagtlarda tussagdan boşap gelenleri işe ýerleşdirmek, olary ssagdyn jemgyýete garyp gatmak hakynda döwlet derejesinde çynlakaý aladalaryň edilýändigini duýsa bolýar. Şu ýylyň maýyndan bäri tussagdan boşap gelenleriň işe ýerleşiş meselesi hakynda Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasy gyzyklanyp başlady. Häzir ýurdumyzyň her bir etrabynda „Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi“ atly edara bar. Bu edara kanun esasynda her bir etrabymyzda bar bolan iş orunlaryny kesgitleýär we boş duran iş orunlara şol ugurdan hünäri bolan, iş gözleýänleri işe ýerleşdirýärler. Ynha, her etrabyň „Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi“ edarasy ýeke –ýekeden Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasy tarapyndan barlag edilip, bu edaranyň ýolbaşçylary öz ýaşaýan etraplarynda soňky bir ýylda tussagdan boşap gelenleriň sanyny we olaryň näçesiniň iş bilen üpjün edilendigini hasabat berdiler. Bu ugurdan kanagatlanarsyz iş alyp baran etrabyň „Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi“ edarasynyň ýolbaşçylaryna degişli duýduryşlar berlipdir. Edil häzir her etrabyň „Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi“ edarasynyň işgärleri hökümetimiziň tabşyrygy boýunça tussagdan boşap gelenleri işe ýerleşdirmek boýunça uly işleri alyp barýarlar. Olaryň tagallasy bilen soňky iki–üç aýda tussagdan boşap gelenleriň birnäçesi işe ýerleşipdir. Soňky bir ýylyň dowamynda tussagdan boşap gelenleriň öz hünäri boýunça dellek, sagat ýa tele-radio bejerýän ussa ýaly hünärler boýunça kiçi telekçilik açandyklaryny aýtmak ýakymlydyr. Häzir tutuş ýurdumyz boýunça ähli boş duran iş orunlar hasaba alnyp, her etrap boýunça boş duran iş orunlara adamy işe almak işleri barha uly gerime eýedir. Umuman, soňky aýlarda tussagdan boşap gelenleri işe ýerleşdirmek boýunça döwlet derejesinde duýarlykly işler edilýär. Ýurdumyzda ýowuz neşe belasynyň ýok edilmegi bilen diňe bir neşe bilen baglanyşykly jenaýatlar däl, ownukly – irili ogurlyk, dawa–jenjel, uruş–sögüş ýaly jenaýatlaram bütinleý azaldy, çünki neşekeşler gündelik neşesini tapjak bolup, diňe bir ilden däl, öz öýündenem zat ogurlamakda, uruş–sögüş etmedenem gaýdanokdylar. Şeýlelikde neşekeş bolanlaryň uly bölegi pälini düzedip jemgyýete goşuldylar. Indem tussagdan boşap gelenlere döwlet derejesinde işe ýerleşmäge ýardam berilse, olaryň hem uly böleginiň indi jenaýat işine baş goşmajagyna ynansa bolar. Şeýlelikde biziň jemgyýetimiziň barha sagdyn jemgyýete öwrüljegine kepillik berýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ösüşine kepillik, halkymyzyň sagdyn aň–düşünjesiniň pajarlap ösmegine bolsa uly girewdir. Döwletmyrat Ýazkulyýew. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Jemgyýetimiz sagdynlaşýar
-
Akademik
10 years ago
- nahar barada menem eşidipdim. Adamlar oba ýerlerinde serial görýän wagtlary (şöl döwürler Braziliýa kinolary görkezilýärdi)
-
totyhan
10 years ago
- HAKYKAT MEN ŞAYAT GELNEJEMLER GELIN ÇÖRE ÇAGYRJAK DIYIP MANTY EDIP ÖYE GİRSE MANTY PITEM YOK DIYYA. İÇİNİN MANTYSY BLN GÖTERİPDİRLER
.
kitaphanachy 10 years ago- hudaýa şükür şolardan dyndyk. Öň iň bärkisi taýar bolan nahary ogurlaýadylar narkomanlar