Nakyllar baradaky gürrüňimizi dowam edeliň. Ýene-de şeýle mysallara ýüzlensek, “Bulutdan çykan Gün ýakar, ýaşmakdan çykan dil” nakyly alyp göreliň. Bulutly günler howa adaty günlerdäki howadan has dymyk, yssy bolýar. Ýere Günüň şöhlesi düşýär. Ol özüne Günüň şöhlesini siňdirip, infragyzyl ýa-da ýylylyk şöhlelerini ýorary goýberýär. Şol hem howany gyzdyrýar. Emma bulutly günler bu gyzgynlyk has güýçli bolýar, çünki ýeriň özünden goýberen infragyzyl şöhleleri buluda degip ýene-de yzyna gaýdýar. Infragyzyl şöhleleriň artykmaç kabul edilmegi adamyň bedenine ýaramaz täsir edýär. Ol derini ýakyp, “dömme çiş” keseliniň döremegine getirýär. Şeýlelikde, ata-babalarymyz bulutly günlerdäki Günüň şöhlesiniň adaty günlerdäkiden has ýiti täsir edýändigini bilip, bu nakylda ulanypdyrlar. “Iliň güýji - siliň güýji” nakylynda bolsa, siliň näderejede güýje eýedigi dogrusynda aýtmak isläpdirler. Şu ýerde siliň emele gelşine barada durup geçsek, sil ýeriň öllenmesizlik hadysasynyň netijesinde döreýär. Üns berýän bolsaňyz, gyşyna diňe ýagan garlar eräp sil geläýmese kän bir sil gelenok. Çünki güýzüne we gyşyna toprak çig bolýar. Ýazyna, esasanam, tomsuna ýer gurak bolýar. Ýeriň üstüni ownujak tozanjyklar basýar. Bu bolsa ýeriň öllenmegine päsgel berýär. Ýere ýagan ýagyş damjajyklary ownujak tozanjyklaryň päsgel bermegi netijesinde ýere siňip bilenoklar. Olar ýeriň üstünde galýarlar we soňy bilen şol damjajyklar toplanyp, uly suw akymyny, ýagny güýçli sili emele getirýärler. Iliň güýjüniň siliň güýjüne deňelmegi hem şonuň üçin. Bu nakylda hem adamlaryň ählisiniň birleşip, agzybirlikde belli bir işiň başyna barsalar, olaryň “almajak galalarynyň” bolmajakdygy düşündirilýär.

Köneler, TDUayka tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir