Günlerde bir gün bir irginsiz dilegçi Ependiden onuň eşegini daş ýere münmäge soraýar. Ependi hem bir bahana tapyp, eşegini bermezligi ýüregine düwýär-de: - Häzir eşegim öýde ýok-diýip jogap berýär.Onýança eşegi aňňyrýar.Onda ýaňky dilegçi adam: - Eý, Ependi,sen-ä ýalançy ekeniň. Eşegiň bar ýaly-la!-diýýär. Şonda Ependi: - Men ýalançy bolsam, sen ýürege düşgünç dilegçi. Sen meniň sözüme ynanýarmyň ýa eşegiň sesine? Eger eşegiň sesine ynanýan bolsaň, bar şonuň sesine mün-de ötegit! - diýip jogap berýär.
Dilegçi we Ependi..
-
mirasymyz
10 years ago
- Soýuzdan soň tanalyp ugrady diýjek bolamokda öňdenem kitaplarda, gazetlerde bardy öýdýän diýjek bolýan.
-
kitaphanachy
10 years ago
- Biz çagakak eşdýädik ependi barada. 1985-1990 ýyllarda
-
TDUmaksat
10 years ago
- ependini ýeňip bolmaz
mirasymyz 10 years ago- Şu Ependiň asyl watany nirekä? Görogly ýaly bu wäşi ýaşulynam türki halklar özüniňki deý ulanýalar. Biz-dä Soýuz döwrem bardy öýdýän Ependi.