Çaga –– durmuşyň bezegi, ene-atanyň guwanjy. Olar iň bir gaharjaň, iň bir keýpsiz adamynam ýeke bir ýylgyrşy bilen göwnüni göterip bilýär. Sebäbi şolaryň çyn ýylgyrşy her bir adamynyň kalbynda diňe ýakymly duýgulary oýarýar. Her bir adamy çagalyk dünýäsine atarýar. Çagalaryň oýnuny synlap olaryň özboluşly üýtgeşik, täsin bir dünýäsiniň bardygyna göz ýetirip bolýar. Şol dünýäde olar özlerini gündelik görýän adamlary, telewizorda synlaýan multfilmdir kinolaryň gahrymanlary hökmünde göz öňüne getirýärler. Şonuň üçin hem her bir ene-ata çagasyny birjik hem ünsden düşürmeli däldir. Hemişe çagasynyň nirede näme işleýändiginden, nämelere güýmenýändiginden, kimler bilen oýnaýandygyndan habarly bolmalydyr. Ene-atalaryň özleri hem yzygiderli olaryň oýnuna goşulmalydyrlar. Olara diňe ýagşy işleri öwretmelidirler. Sebäbi ene-ata çaganyň iň ilkinji görelde mekdebidir. Şu gün Çagalary goramagyň halkara güni. Geliň her birimiz durmuşymyzyň iň gymmatly hazynasy bolan körpe jigilerimize diňe ýagşylykda görelde bolalyň! Olaryň mährem ýylgyryşlarynyň hiç wagt solmazlygyny gazanjak bolalyň! Baýramyňyz gutly bolsun!

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir