hemmelere mälim boluşy ýaly başga welaýat we etraplardan aşgabat şäherinde ýaşaýyş üçin hasaba durmak (propiska) mümkin dal diýen ýaly, şeýle kyn. kä bir ýagdaýlarda aşgabada propiska kabul etýärler. bu ýagdaylara mysal: aşgabatda propiskaly birine öýlenmek ýada durmuşa çykmak, döwlet tarapyndan aşgabat şäherine uzak möhletleýin işe ugradylmak. elbetde aşgabada ýaşaýyş üçin hasaba durmagy kynlaşdyrylmagynyň belli bir sebäpleri bardyr. döwletiň uzak möhletleýin syýasaty aşgabat şäheriniň ilatyny belli bir sanda tutmak isleýan bolup biler, ýa-da döwletiň ykdysady politikalary üçin şeýle edilmesi möhümdir. sebäbi aşgabada belýleki welaýatlaryň etrapdyr obalaryndan ilatyň göçip gitmegi uzak wagtyň dowamynda ykdysadiýetiň oba hojalyk pugdagynyň çökmesine, beýleki bir tarapdan bolsa aşgabadyň ilatynyň çakdan aşa (kontrol edilip bolmajak derejede) kopelmegine getirmegi ahmal. buňa mysal edip türkiýäni görkezip bileris. türkiýede 60-70-nji ýyllardan oba ilatynyň şäherlere göçmäge başlamasyndan soň oba hojalygy ylaýtada ekerançylyk öran pes derejelere düşdi. mundan başgada uly şäherleriň ilaty çakdan aşa kopeldi. meselem stambul şäheriniň ilatyny 15-16 milýon töweregi diýýarler. 1950-nji ýyllarda sambulda ilat 1 milýon, 1970-nji ýyllarda bolsa 3 milýon töweregidi. beýleki bir tarapdan seredeniňde bolsa konstusiýamyza göra türkmenistanyň raýaty türkmenistanyň territoriýasy içinde islendik ýerde ýaşamaga doly hak hukugy bardyr. meň şahsy pikirim we düşinjäm hem adamlary ýaşamaklary üçin belli bir ýer bilen çäklendirilmek demokrasiýanyň esaslaryna garşymyka diýýän. siziň pikiriňiz?
Aşgabat şaherine ýaşaýyş üçin hasaba durmak
-
sahett
12 years ago
- Aý hawa durnuklylygy saklamak islenýär diýsegem boljak
-
sahett
12 years ago
- Aý hawa durnuklylygy saklamak islenýär diýsegem boljak
-
aysyzgije
12 years ago
- biraz ansatlashdyrmalymyka diyyan. herkim islan yerinde yashamaga haky bar. yone yashamaga gelyanlerin yashamaga mumkinciligi bolsa geler yaly etmeli.
Ayyuzli 12 years ago- salam azik!
pikirimi aylawly yol bilen beyan etsem bolarmy?
turkiye barada maglumat beripsiniz welin dillerini hem bilyansiniz?! "YUKSEK ZUMRE", "HAVAS", "AVAM" DUShUNJELERINI BILYANIZMI? yokarkynyn jogaby ine shular! oz shaherinde ish bn upjun edilen we maddy matacliklerini giderip bilyan ilat, bashga mekana goc etmeyar!!!