Käte ýalňyzlykda otursam özüm, Käte gaharlanyp, çytylsa ýüzüm, Käte ukym gelip, ýumulsa gözüm, Teşne ýürek jemalyňa suwsaýar, Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär. Göreçlerde gujur bilen batlansam, Üýşmeleňde alkyş bilen ýatlansam, Arzuwlarym göge galyp şatlansam, Ýa-da hasrat ýürek-bagrym gyýsa, ýar! Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär. Bahar geler, güller bilen şaýlanyp, Seýran etsek baýyrlary aýlanyp, Akja bulut "Ýagsammy" diýp, oýlanyp, Çabga gelip, suw-sil edip guýsa, ýar, Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär. Meýdana ýazlypdyr bahar halysy, Gel, bile keşt etseň ýakyn-alysy, Maňa at goýdular: "Yşkyň dälisi", Men nädeýin ýürek şeýle söýse, ýar! Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär. Halyl Kulyýew
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär!
-
Grizli
12 years ago
- Ajaýyp goshgy :-)
-
maloyjan
12 years ago
- hany frendship olupdir diydiler diri ekena. Sagbol yetirenine elin ayagyn dert gormesin...
-
Gulmelek
12 years ago
- Sag bol go$ga
menbet 12 years ago- oran gowy goshgy eken, yetirenin ucin sag bol!