aýralyk azabyn çekip, dostlarym, gaýgyly men, bilýän onuñ sanjysyn. söýgä ýüregimi ýakyp, dostlarym, duýdum aýralygyñ gaýgy-ünjüsin. ilki watan diýdim, soñra dost-ýarym, eneñ-atañ ýoklugyny duýdum men. Hiç Ýanymdan aýrylmajak ýalydy, çyn ýürekden gülmegi-de goýdum men. okuw diýdim, galdym watandan jyda, ýat ýurtda ýalñyzlyk, çekildi jepa. küýsäp topragymy, obamy juda, ýatda sapa däl-de, ýurdumda geda, bolsam armanym ýok, eý, beýik huda! soñra tapdym durmushumyñ bezegin, beýan etmek kyndyr ýürek duýgymy. aýtsam, ýürek söýgim müñ goshga sygmaz, aldy ol birsalym ýürek gaýgymy. haçan-da, uçara münjek mahalym, ýüregim sogrulyp galdy elinde. Ýarym ýyllap goýup gitýän söýgimi, "tabshyrgyn ýüregmi maña, gelemde." sheýle agyr ädilýärdi aýaklar, barlagdan geçemsoñ, bakdym yzyma. saryja köýnegin yrapjyk barýar, goshup gözýashymy ýürek sazyma. janym, bir pursatlyk bakaý-da yza, ýene bir minutjyk galsam ýanynda. wagt geçip barýar bermeýär rugsat, wah, shol wagt giden ýaly janym-da. "günler geler, galar ählisi yzda," - diýip bu kalbyma berýän göwünlik. Allam meñ ýanymda bolan mahaly, enshalla, barsy bor gülala-güllük. hazar rejebow
Aýralyk azaby
-
makgush
13 years ago
- Dogrudanam aýralyk erbet zat!
Gowy goşgy, sagbol!
-
Jasminka91
13 years ago
- Gowy gosgy ekeni aýralyk gaty ajy zat bolmaly.sag bol.
-
magnit
13 years ago
- Gowy gosgy ekeni aýralyk gaty ajy zat bolmaly.sag bol.
menbet 13 years ago- sagja bola gowy goshgy eken! +10