Szýaoçžou aýlagyndaky gurlup, ulanylmaga berlen bu köpri uzyn lygy we daşky gurluşygy boýunça görenleri haýran edýär. Häzirki zaman inženerçilik we gurluşyk tehnologiýalary ulanylyp gurlan bu täsin köpri “Szýaoçžou aýlag köprüsi” diýlip atlandyryl ýar. Şandun welaýatyndaky bu köpriniň uzynlygy 43 kilometr bo lup, onuň giňligi 30 metrdir. Köp rüde jemi 8 zolak bardyr. Dünýä niň bu iň uly köprüsini jemi 5 müň sütün saklaýar. Gurluşygyna 2006-njy ýylda başlanan köpri 4 ýylyň dowamynda gurlup gutaryl dy. “Szýaoçžou aýlag köprüsi” özünden öňki köprüden 5 kilo metr uzynlygy bilen tapawutlan ýar.10 müňlerçe adamyň zähmet çeken gurluşygynda 450 müň tonna polat ulanylypdyr. Köpriniň 100 ýyla çenli ulanylyp bilinjekdi gi aýdylýar. 8 ballyk ýer yranmasy na çydamly bolan köpri güýçli ýe le garşy durmaga we 300 müň tonnalyk agyrlygy götermäge ukyply edilip gurlupdyr. Mundan ozal iň uzyn köpri ABŞ-nyň günor tasyndaky Luiziana ştatynda ýer leşýärdi. Bu köpriniň uzynlygy 38 kilometrdir. "Zaman" gazetinden.
Dünýäniñ iñ uzyn köprisi Hytaýda
-
Gorogly92
13 years ago
- Sagbol maglumatyna
-
sahett
13 years ago
- Çaga oyunjak däl bu 43 km bu aşgabatdan yaşlyga baryp gaydanyn yaly gaty uzyn zat bu
turkmenntug 13 years ago- hava.gaty govy maglumat.köprem ajaýyp gurlu$a eýe,i$çi sany o diýen köp dälem bolsa.tiz wagtda guruldy