Watan - gyzgyn gursagymda namysym, watan - ýüreginden öndüren enem. Watan - babalaryñ bagyshlan bagty, - mukama, mähire, söýgä eýlenen. Gitsem - enem deýin elin serenim, gelsem - enem deýin gujak gerenim - eziz watan, sensiñ shirin janlary, seniñ üchin shirin janyn bereniñ. Olañ arzuwydyñ, aýdymydyñ sen, olar sen bolubam göwsüñde galdy. Aby-zemzem suwy bar bolsa sensiñ, senden haýsymyzyñ mährimiz gandy?! Seniñ Garagum däl, altyn humuñ bar, seniñ dagy-dashy ýarýan demiñ bar. Seniñ shan-shöhratyñ ýer ýüzüne däl, onuñ geljegne-de ýalkymyn salýar. Urshuñ, gowur-gabahatyñ üstünden, goja gyñyr tebigatyñ üstünden, ädim ur, Watan, döret, gur, watan, ýeñishlerden ýeñishlere ýör, Watan!
Watan
-
Jasmin91
13 years ago
- Gowy goshgular sag bolun.
-
Merw92
13 years ago
- Gowy goşgy! Ÿetireniñiz ün sag boluñ!!!:-)
-
ALADIN
13 years ago
- gaty manyly we mukaddes go$gy eken
Warsaky 13 years ago- Al mendenem bir gosgy
Ýarym diýip ýola çyksam
Ýollar Ärsarynyñ gyzy,
Jeren gözläp çöle çyksam
Çöller Ärsarynyñ gyzy.
Gözellige bardyr baýlar,
Zyndan boldy maňa jaýlar,
Ötüp barýar ýyllar, aýlar,
Günler-ärsarynyň gyzy.
Ýerde ýatmaz ýazyñ güli
Saýraýyr bagyñ bilbili,
Men islemen özge güli
Güller Ärsarynyñ gyzy.
Kemine bir dessan ýazar
Kimler dadar, kimler doýar,
Ýüregimde daglar goýar
Çöller Ärsarynyñ gyzy.
Mämmetweli Kemine