Argentina dünýä çempionatynyň çärýek finalynda goşmaça wagtda Şweýsariýany 3:1 hasabynda ýeňip, ýarym finala çykan iň soňky topar boldy. Ýarym finalda argentinalylar goşmaça wagtda Norwegiýany 2:1 hasabynda ýeňen Angliýanyň ýygyndysy bilen duşuşarlar. Oýun 15-nji iýulda Aşgabat wagty bilen sagat 23:55-de geçiriler. Beýleki ýarym finalda bolsa 14-nji iýulda Aşgabat wagty bilen sagat 23:55-de Fransiýanyň we Ispaniýanyň ýygyndylary güýç synanyşar. Çärýek finalda fransuzlar Marokkony 2:0, ispanlar bolsa Belgiýany 2:1 hasabynda ýeňdiler. Üçünji orun ugrundaky duşuşyk 18-nji iýulda, final oýny bolsa 19-njy iýulda geçiriler. Dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýär. Häzirki dünýä çempiony Argentinanyň ýygyndysydyr. Türkmenistanda ýaşaýan futbol janköýerleri dünýä çempionatynyň ähli duşuşyklaryna Belet striming platformasy arkaly göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir