Argentinanyň futbol boýunça ýygyndysy dünýä çempionatynyň çärýek finalynda goşmaça wagtda Şweýsariýanyň ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňip, ýarym finala çykdy. Duşuşyk Missuri ştatynyň Kanzas-Siti şäherinde geçirildi. Argentinalylaryň düzüminde Aleksis Mak Allister (10-njy minutda), Hulian Alwares (112-nji minutda) we Lautaro Martines (120+1-nji minutda) gol geçirdiler. Şweýsariýanyň ýeke-täk goluny 67-nji minutda Dan Ndoýe öz adyna ýazdyrdy. 72-nji minutda şweýsariýaly hüjümçi Bril Embolo eminiň wideo kömekçi (VAR) ulgamynyň gatyşmagyndan soň, simulýasiýa edenligi üçin ikinji sary duýduryşyny alyp, meýdançadan çykaryldy. Baş emin ilkibaşda argentinaly ýarym goragçy Leandro Paredese sary duýduryş görkezdi, emma wideoşekili görenden soň kararyny üýtgetdi. Argentina ýarym finalda 15-nji iýulda Angliýanyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir