Belgiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda ABŞ-nyň ýygyndysyny 4:1 hasabynda ýeňip, çärýek finala çykdy. Duşuşyk Sietl şäherinde geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde Şarl de Ketelare 9-njy we 33-nji minutlarda iki gol geçirdi. Şeýle hem Hans Wanaken (57-nji minutda) we Romelu Lukaku (90+3-nji minutda) tapawutlandy. ABŞ-nyň ýeke-täk goluny bolsa 31-nji minutda Malik Tillman geçirdi. ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň başlangyç düzüminde hüjümçi Folarin Balogun hem meýdança çykdy. Ol 1/16 finalda Bosniýa we Gersegowina garşy geçirilen duşuşykda gyzyl kart alyp, Belgiýa garşy oýny sypdyrmalydy. Şeýle-de bolsa, ýekşenbe güni FIFA-nyň Düzgün-nyzam komiteti Balogunyň gyzyl duýduryşynyň güýjüni bir ýyllyk synag möhleti bilen wagtlaýyn togtatdy. Biraz soňra ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp futbolçynyň meýdançadan çykarylandan soň FIFA-a ýüz tutandygyny aýtdy. Şeýlelikde, dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda ýaryşy kabul eden üç ýurduň ählisi ýaryşdan çykdy. Mundan ozal Kanada bilen Meksikanyň ýygyndylary ýaryşy terk edipdi. 10-njy iýulda geçiriljek çärýek finalda Belgiýanyň ýygyndysy Ýewropanyň häzirki çempiony Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty 19-njy iýulda tamamlanar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir