Türkmen agyr atletikaçysy Atabek Azamatow Kolumbiýanyň Kali şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça ýetginjekleriň dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy. 60 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türgen silterläp götermekde 116 kg, itekläp götermekde 133 kg netije görkezdi. Iki görnüşiň jemi boýunça 249 kg gazanyp, kümüş medala mynasyp boldy. Şeýle hem ol silterläp götermek boýunça kiçi altyn medaly eýeledi. Bu agram derejesinde çempionlyk Meksikanyň türgeni Wiktor Mendesiň paýyna düşdi. Ol silterläp götermekde 108 kg, itekläp götermekde 142 kg we jemi 250 kg netije görkezdi. Bürünç medaly bolsa Russiýanyň türgeni Ýewgeniý Butuzow silterläp götermekde 111 kg, itekläp götermekde 138 kg we jemi 249 kg netije bilen gazandy. Şol bir agram derejesinde Türkmenistanyň ýene bir wekili Kerem Gurbandurdyýew hem çykyş etdi. Ol silterläp götermekde 107 kg, itekläp götermekde 130 kg, jemi bolsa 237 kg netije görkezip, ýaryşy ýedinji orunda tamamlady. Kalide geçirilýän agyr atletika boýunça ýetginjekleriň dünýä çempionaty 11-nji iýulda tamamlanar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir