Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Wimbldon ýaryşynyň taryhyndaky duşuşyklarda gazanylan ýeňişleriniň sany boýunça täze rekord goýdy. Ol dördünji tapgyrda russiýaly Roman Safiullini ýeňip, Wimbldondaky 106-njy ýeňşini gazandy. Şoňa çenli Jokowiç bu görkeziji boýunça 2019-njy ýylda tennis ýoluny tamamlan şweýsariýaly Rojer Federer bilen bilelikde birinji orny paýlaşýardy. Serbiýaly tennisçiniň «Uly tuwulga» ýaryşlarynyň ýekelikdäki duşuşyklarynda gazanan ýeňişleriniň umumy sany 408-e ýetdi. Bu bolsa ýokary rekord hasaplanýar. Jokowiç Awstraliýanyň Açyk çempionatynda gazanylan ýeňişleriň sany boýunça hem öňdebaryjy bolup, onuň hasabynda 104 ýeňiş bar. Fransiýanyň we ABŞ-nyň Açyk çempionatlarynda bolsa ol degişlilikde 103 we 95 ýeňiş bilen ikinji orny eýeleýär. Wimbldondaky ýekelikdäki bäsleşiklerde gazanylan çempionlyklaryň sany boýunça bolsa birinji orun henizem Rojer Federere degişlidir. Ol bu ýaryşda sekiz gezek ýeňiji boldy. Jokowiçiň hasabynda ýedi çempionlyk bar. Bu görkeziji boýunça ol amerikaly Pit Sampras hem-de tennisde Açyk çempionatlar başlamazyndan öň Wimbldonda ýedi gezek ýeňiji bolan britaniýaly Uilýam Renşou bilen ikinji orny paýlaşýar. 39 ýaşly Jokowiç häzirki wagtda ATP-niň reýtinginde 8-nji orunda ýerleşýär. Ol ATP-niň howandarlygynda geçirilen ýaryşlarda ýekelikde 101 çempionlyk gazandy. Şolaryň 24-si «Uly tuwulga» ýaryşlarynyň çempionlygydyr we bu erkek tennisçileriň arasynda rekord hasaplanýar. Jokowiç 2024-nji ýylyň Olimpiýa çempiony, 2008-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi hem-de 2010-njy ýylda geçirilen Dewisiň Kubogynyň ýeňijisidir. Mundan başga-da, ol dünýäniň birinji raketkasy derejesinde jemi 428 hepde geçiren tennisçi hökmünde hem rekordyň eýesidir. Möwsümiň üçünji «Uly tuwulga» ýaryşy bolan Wimbldon ot örtükli kortlarda geçirilýär we 12-nji iýulda tamamlanar. Bäsleşigiň baýrak gaznasy 64,2 million funt sterlinge deňdir. Ýaryşyň häzirki çempiony dünýäniň birinji raketkasy bolan italiýaly Ýannik Sinnerdir.