ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi Iliýa Topuriýa (17-1) bilen ABŞ-dan dalaşgär, «wagtlaýyn» guşagyň eýesi Jastin Getjiniň (28-5) arasynda boldy. Tutluşygyň başy dartgynly göreş bilen geçdi. Topuriýanyň gorag bilen öňe tarap hereket eden wagty, Jastin hem jeb urgularyny ulandy. Birinji raundyň ahyrynda taraplar biri-birine garşy güýçli urgulary indirdi. Iliýa has agdyk geldi, ýöne Getji hem ýan bermedi. Ikinji raundda Topuriýa Jastine garşy güýçli gapdal urgularyny ulandy. Getji ilkibaşda muňa çydasa-da, ahyrynda iki büküldi. Şondan soň Topuriýa onuň elini gaňyrmaga we üçburçluk usuly bilen bogmaga synanyşdy. Ýöne Getji bu ýagdaýdan hem çykdy, 5 minutlygyň ahyryny bolsa taraplar güýç toplamak üçin passiw ýagdaýda geçirdi. Üçünji raundda Topuriýanyň ýadandygy bildirdi. Getji ony jeb we gapdal urgulary bilen gowy sarsdyrdy. Netijede, Topuriýanyň ýüzünde bitin ýer galmady. Raundlaryň arasyndaky arakesmede lukman emine tutluşygy saklamagy maslahat berdi. Ýöne Iliýa söweşi dowam etdirip biljekdigine ynandyrdy. Dördünji raundda Topuriýa saklandy we aram-aram urgy hem ulandy. Ýöne onuň ýüzi gara-gan bolup, görşi hem ýaramazlaşandan soň, dördünji raunddan soň söweşi saklamaly boldy. Iliýanyň tarapy tutluşygy dowam etdirmekden ýüz öwürdi. Şeýlelikde, Getji üç synanyşykdan soň çempion bolmagy başardy. Mundan ozal ol Nurmagomedowdan we Oliweýradan möhletinden ir ýeňlipdi. Indi onuň hasabynda 28 ýeňiş we bäş ýeňliş bar. Ozal ýarym ýeňil agramyň çempiony bolan Topuriýa üçin bolsa bu ýeňil agramdaky titulynyň ilkinji goragy boldy. Bu tutluşykdan soň Topuriýanyň hasabynda MMA-da 17 ýeňiş we ýekeje ýeňliş bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir