Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň, UFC-niň prezidenti Dana Waýt gatnaşyjylara beriljek bonuslaryň möçberini yglan etdi. Agşamyň esasy duşuşygynda Jastin Getji dördünji raunddan soň tutluşygy dowam etdirip bilmedik Iliýa Topuriýany ýeňdi. Agyr agramyň wagtlaýyn tituly ugrundaky başga bir tutluşykda bolsa, Siril Gan Aleks Pereýradan ikinji raundda tehniki nokaut bilen üstün çykdy. Ýaryşyň beýleki netijeleri: Diego Lopes ikinji raundda Stiw Garsiýany nokauta düşürdi; Bo Nikal birinji raundda Kaýl Dakasy tehniki nokaut bilen ýeňdi; Maurisio Ruffi birinji raundda Maýkl Çendleri tehniki nokaut bilen ýeňdi; Joş Hokit ikinji raundda Derrik Lýuisi tehniki nokaut bilen ýeňdi; Şon O'Melli birinji raundda Aýmann Zahabini nokauta gidirdi. «Agşamyň iň gowy söweşi» diýlip Getji bilen Topuriýanyň arasyndaky söweş ykrar edildi. Söweşijileriň ikisine hem bonus hökmünde 400 müň dollar pul baýragy berilýär. Mundan başga-da, Jastin Getji we Siril Gan «Agşamyň iň gowy çykyşy» üçin 425 müň dollar möçberinde bonus alar.