Türkmenistanyň küştçi gyzy Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň hatyrasyna – Aktobe Open 2026» atly halkara ýaryşynda FIDE-niň zenan ussady (WFM) derejesiniň kadasyny ýerine ýetirdi. Bu barada Türkmenistanyň Küşt federasiýasy habar berdi. 16 ýaşly türgen Open derejesinde 6 utuk toplap, umumy hasapda 15-nji orny eýeledi we ýaryşa gatnaşan ähli zenan küştçüleriň arasynda iň gowy netije görkezdi. Ýaryşyň jemleri boýunça onuň reýtingine 83,2 utuk goşuldy we ol bu hormatly derejä laýyk gelýän görkezijä ýetdi. Mähri Agamyradowa Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebiň 10-njy synp okuwçysydyr. Onuň tälimçisi bolsa Güljahan Öwlýägulyýewa. Ýaryş şweýsar ulgamy boýunça dokuz tapgyrda geçirilip, oňa 21 ýurtdan 210 küştçi gatnaşdy. Olaryň arasynda 23 grossmeýster hem bar. Ýaryşyň netijeleri boýunça milli ýygyndymyzyň beýleki wekilleri hem reýtinglerini ýokarlandyrmagy başardylar. Jahan Rejepowa 26,8 utuk, Ogulsuraý Baýrambaýewa 8,2 utuk, Leýla Şöhradowa bolsa 5,2 utuk gazandy. Masters derejesinde çykyş eden Amanmuhammet Hommadow reýtingine 10,6 utuk goşup, halkara ussat derejesiniň kadasyny ýerine ýetirmäge has-da ýakynlaşdy. Masters derejesiniň ýeňijisi amerikaly grossmeýster Endrýu Hong boldy. Open derejesinde bolsa birinji orny gazagystanly FIDE ussady Alan Petuhow eýeledi. Aktobedäki çykyş Gazagystanda geçirilýän milli ýygyndymyzyň okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde amala aşyryldy. Toparyň indiki iri ýaryşy sentýabr aýynda Samarkantda geçiriljek 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasy bolar.