Tunisiň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyryndaky ilkinji oýundaky uly ýeňlişinden soň wezipesinden boşadyldy. Bu barada žurnalist Roman Molina özüniň X sosial torundaky sahypasynda habar berdi. Ýekşenbe güni Meksikanyň Monterreý şäherinde geçirilen F toparçanyň duşuşygynda Tunisiň ýygyndysy Şwesiýadan 1:5 hasabynda utuldy. «Mosaïque FM» radiostansiýasynyň berýän maglumatyna görä, Tunisiň futbol federasiýasynyň (FTF) ýolbaşçylary tälimçiniň geljekki ykbaly bilen bagly meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin gyssagly mejlis geçirdiler. Lýamuşiniň topardaky ýagdaýy şahsy sebäpler bilen hem çylşyrymlaşypdy. Maglumatlara görä, milli ýygyndynyň wekiliýetiniň düzümine girýän onuň ogly janköýerleriň biri bilen dawa-jenjele gatnaşypdyr. «Lýamuşi üçin bu Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi hökmünde wezipesiniň soňy boldy» — diýip, Molina ýazdy. 54 ýaşly Sabri Lýamuşi Fransiýanyň raýatydyr. Ol Tunisiň milli ýygyndysyna şu ýylyň ýanwar aýynda ýolbaşçy edilip bellendi. Mundan ozal ol Fransiýanyň «Renn», Angliýanyň «Nottingem Forest» we «Kardiff» klublaryna, şeýle hem Kot-d’Iwuaryň milli ýygyndysyna tälim beripdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir