25-nji aprelde we 9-njy maýda sagat 15:00-da Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty Açyk gapylar gününi geçirýär — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. Ýokary okuw mekdebi şu salgyda ýerleşýär: Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Şabende köçesi, 7. Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993422) 3-04-21, 3-67-02, 3-25-44. Okuw mekdebi baradaky maglumatlary onuň resmi saýtyndan hem alyp bolýar. 25-nji aprelde we 16-njy maýda sagat 15:00-da Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Açyk gapylar gününe çagyrýar. Institutyň salgysy: Mary welaýaty, Mary şäheri, Baýramhan köçesi, 62. Habarlaşmak üçin telefonlar: 800522-5-75-10; 800522-5-75-17. Institut barada giňişleýin maglumatlary onuň resmi saýtyndan hem alyp bolýar. 9-njy maýda sagat 10:00-da Türkmen oba hojalyk institutynda Açyk gapylar güni geçiriler. Bu instituta girmäge gyzyklanma bildirýän ýaşlar şu salgy boýunça çagyrylýar: Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Ruhnama köçesi, 94. Goşmaça maglumatlary şu telefon belgileri arkaly alyp bolýar: 800322-9-33-92; 800322-9-40-68. Isleg bildirýänleriň hemmesi institutyň resmi saýtyna girip, okuw mekdebi bilen tanşyp bilerler.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir