Italiýaly hüjümçi Mario Balotelli karýerasyny Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) ikinji ligasynda dowam eder. 35 ýaşly futbolçy Dubaýyň «Al-Ittifak» kluby bilen iki ýarym ýyllyk şertnoma baglaşdy. Bu transfer barada italiýaly žurnalist Janluka Di Marsio habar berdi. Balotelli öz karýerasynda Ýewropanyň birnäçe meşhur klublarynda, şol sanda Italiýanyň «Inter» we «Milan», Angliýanyň «Mançester Siti» we «Liwerpul», Fransiýanyň «Nissa» we «Marsel», Türkiýäniň «Adana Demirspor» toparlarynda çykyş etdi. Şeýle hem ol Italiýanyň milli ýygyndysynyň abraýyny gorady. Futbolçynyň täze topary geçirilen 11 oýnuň netijeleri boýunça BAE-niň ikinji diwizionynyň ýaryş jedwelinde iň soňky — 15-nji orny eýeleýär. Klubuň hasabynda bary-ýogy 6 utuk bar. Dubaýyň klubuna geçmezinden öň, Balotelli Italiýanyň «Jenoa» toparynda oýnady we 2025-nji ýylyň tomsunda erkin agent hökmünde ol ýerden gitdi. Geçen möwsümde ol alty oýun geçirip, netijeli urgulary amala aşyryp bilmedi. Balotelli ilkinji nobatda özüniň "agyr häsiýeti" bilen tanalýar. Ol ähli oýnan klublarynda diýen ýaly öz kärdeşleri we tälimçileri bilen gapma-garşylyga gidipdi. Şeýle hem, meýdançadan daşary wagtda onuň bilen yzygiderli dawalar ýa-da gülkünç wakalar bolup geçýärdi.