«Arkadag» futbol klubynyň bahasy ýarym goragçy Meýlis Diniýewiň transferinden soň 2,88 million ýewrodan 3,05 million ýewro çenli ýokarlandy. Bu barada Transfermarkt portalynyň maglumatlary görkezýär. 25 ýaşly Diniýew geçen möwsümde Gyrgyzystanyň Karabalta şäheriniň «Kyrgyzaltyn» toparynda çykyş edip, 12 oýunda meýdança çykdy we 2 gol geçirdi. Transfermarkt portalynyň maglumatyna görä, futbolçynyň bazar bahasy 150 müň ýewro diýlip kesgitlenýär. Diniýew öz futbol ýolunda ozal «Ahal» we «Köpetdag» toparlarynda hem oýnapdy. Türkmenistanyň milli ýygyndysy üçin 6 oýunda çykyş edip, 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Hytaý Taýbeýiniň derwezesine 1 gol geçirdi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, baş tälimçi Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygynda «Arkadagyň» futbolçylary üçünji gezek yzly-yzyna Türkmenistanyň çempiony boldular we ýurduň Kubogyny gazandylar. Mundan başga-da, maý aýynda topar AFC-2024/25-nji ýylyň Çagyryş ligasynyň Kubogyny finalda Kambojanyň «Prea Han Riç Swaý Rieng» klubuny 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Sentýabrda bolsa Baýramowyň şägirtleri Türkmenistanyň Superkubogyny gazandylar we klubyň taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň ikinji derejeli Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna çykdylar. AFC-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda «Arkadagy» Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» kluby bilen iki oýundan ybarat duşuşyk garaşýar. Bu klubda dünýäniň birnäçe ýyldyz futbolçylary, şol sanda Kriştianu Ronaldu hem çykyş edýär. Oýunlar 11-nji we 18-nji fewralda geçiriler.