Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary abraýly halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp boldular. Aýlar Arazberdiýewa “GDA-nyň iň gowy talyby”, Nurýagdy Baýryýew bolsa “Iň gowy ylmy iş - 2025” halkara bäsleşiklerinde ýeňiş gazandy. Bu barada uniwersitetiň saýtynda habar berilýär. Italýan dili we edebiýaty hünäriniň II ýyl talyby A.Arazberdiýewa Gazagystanyň “Bilim-orkenieti” milli innowasiýa ylmy-gözleg merkezi hem-de “Žana Gazagystan” respublikan innowasion merkezi tarapyndan guralan “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşigine internet arkaly gatnaşyp, GDA ýurtlarynyň ýaşlar syýasatynyň ösdürilmegine goşan goşandy üçin ýeňiji diýlip yglan edildi we I derejeli diplom, döşe dakylýan nyşan, şeýle hem kubok bilen sylaglandy. hukuk öwreniş hünäriniň IV ýyl talyby N.Baýryýew Russiýa Federasiýasynyň Penza şäheriniň “Ylym we magaryf ylmy hyzmatdaşlyk boýunça halkara merkezi” tarapyndan geçirilen “Iň gowy ylmy iş - 2025” atly XXIII Halkara ylmy-barlag bäsleşigine “Hukuk ylymlary” ugry boýunça “Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň hukuk esaslary we ony üpjün etmegiň aýratynlyklary” atly ylmy işi bilen (ylmy ýolbaşçysy - Konstitusiýa hukugy kafedrasynyň uly mugallymy, hukuk ylymlarynyň kandidaty O.Suhanberdiýewa) internet arkaly gatnaşyp, II derejeli Diploma mynasyp boldy.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir