Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Aýlar Arazberdiýewa «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşikde ýeňiji boldy. Bäsleşige Aýlar Arazberdiýewa internet arkaly gatnaşyp, I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy. Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşikde ýeňiji boldy Bäsleşik Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherindäki «Bilim-orkenieti» milli innowasiýa ylmy-gözleg merkezi hem-de «Žana Gazagystan» respublikan innowasion merkezi tarapyndan guralýar. Eminler topary Aýlar Arazberdiýewanyň ylma, sungata we döredijilige goşan goşantlaryna ýokary baha berdiler. Ykrar ediş türkmenistanly talybyň ylym-bilim we döredijilik ugrunda alyp barýan yzygiderli işleriniň hem-de ýurduň bilim ulgamynyň halkara derejedäki abraýynyň aýdyň subutnamasydyr.