Kabo-Werdeniň milli ýygyndysy taryhda ilkinji gezek 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna çykdy. Topar Afrikadaky saýlama ýaryşynyň D toparçasynda birinji orny eýeledi. Aýgytly pursat toparyň öýünde Eswatini 3:0 hasabynda utmagy boldy. Netijede Kabo-Werde 23 utuk ýygnap, birinji orny saklady. Onuň yzyndan Kamerun (19), Liwiýa (16), Angola (12), Mawrikiýa (6) we Eswatini (3) gelýär. Kabo-Werde üçin bu taryhy üstünlik boldy. Milli topar ilkinji gezek dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşyna 2002-nji ýylda gatnaşdy. Mundan öň toparyň esasy üstünligi 2023-nji ýylda Afrika milletleriniň kubogynyň dörtden bir finalyna çykmagy bolupdy. FIFA-nyň soňky reýtinginde ýurt 70-nji orny eýeleýär. Kabo-Werde Atlantik ummanynda on adadan ybarat kiçiräk arhipelag bolup, ilaty, takmynan, 600 müň adama ýetýär. Bu häzire çenli dünýä çempionatynyň ahyrky bölegine çykan meýdany boýunça iň kiçi ýurtdur. Ilat sany boýunça taryhda dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň arasynda iň az adam Islandiýada ýaşaýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir