Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama oýunlarynyň çäginde “D” toparçada Şri-Lankanyň milli ýygyndysyndan üstün çykdy. Duşuşyk Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk «Arkadag» stadionynda geçirilip, hasap 2:1 boldy. Duşuşykda ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren toplary Elman Tagaýew (52-nji minut) bilen Mekan Saparow (57-nji minut) öz atlaryna ýazdyrdylar. Toparçanyň beýleki duşuşygynda Tailandyň ýygyndysy Hytaý Taýpeýiň ýygyndy toparyndan 6:1 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelikde, gazanan wajyp ýeňşinden soň 9 utuk toplan ýurdumyzyň milli ýygyndysy ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär. Tailandyň milli ýygyndy topary hem geçiren duşuşyklarynda 9 utuk toplamagy başardy, ýöne goşmaça görkezijileriň netijesinde ýurdumyzyň ýygyndy topary ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär. 6 utugy bolan Şri-Lankanyň milli ýygyndysy 3-nji, utuk toplap bilmedik Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndy topary bolsa 4-nji orunda ýerleşdiler. Türkmenistanyň milli ýygyndy topary indiki duşuşygyny 18-nji noýabrda geçirip, öz meýdanynda Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndysyny kabul eder. Saýlama oýunlaryň çägindäki 6 toparçanyň ýeňijileri Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa-2027 Kubogynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin ýollanma alar.