Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy boldy. Gahryman Arkadag, ilki bilen, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň öňündäki meýdançada aýdym-saz we tans toparlarynyň şowhunly çykyşyna tomaşa etdi. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde açylyş dabarasy mynasybetli Gutlag sözi bilen çykyş etdi. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş toý bagyny kesip, uniwersitetiň edara binasyna girensoň, türkmen halkynyň Milli Lideri täze ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda diwarlaryň ýüzünde mozaika görnüşinde ýerine ýetirilen, gadymyýetdäki türkmen täjirlerini we häzirki döwürde türkmen telekeçileriniň dürli ugurlarda, şol sanda ylymda, bilimde, innowasiýa häsiýetli ýokary tehnologiýalarda ýeten sepgitlerini beýan edýän surat eserlerini synlady. Gahryman Arkadag uniwersitetiň barlag-tejribehana otaglaryna baryp gördi we ýokary hilli, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen otaglarda döredilen şertler bilen tanşyp, talyplaryň amaly okuw sapaklaryny geçýän pursatlaryna syn etdi. Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň howlusynda guralan, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öndürýän milli önümleriniň sergi pawilýonlary bilen hem tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze uniwersitetiň rektoryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgat berilýän täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mejlisler zalynda açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň, mugallymlaryň we talyplaryň öňünde beýanat bilen çykyş etdi. Bu ýerde uniwersitetiň rektoryna Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine berlen halkara güwänamalardyr ýörite baýraklar gowşuryldy. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy. Gahryman Arkadagdan Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň agzybir işgärleriniň hem-de talyp ýaşlarynyň adyndan sowgat berilýän ajaýyp türkmen halysyny Türkmenistanyň Prezidentine gowşurmagy haýyş edildi.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir