Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysy kuraş boýunça 14-nji Aziýa çempionatynda 16 medal gazandy. Ýaryş 2025-nji ýylyň 30-njy iýulyndan 4-nji awgusty aralygynda Günorta Koreýanyň Geosan şäherinde geçirildi. Ýaryşa Aziýanyň 25-den gowrak ýurdundan takmynan 600 türgen gatnaşdy. Netijede, türkmen türgenleri 1 altyn, 6 kümüş we 9 bürünç medal bilen baýrakly orunlara mynasyp boldular. 78 kg çenli agram derejesinde Sabina Kadyrowa altyn medala eýe boldy. Çempionatyň 2-nji awgustda geçirilen açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew gatnaşdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir