Federiko Walwerde geçen möwsümiň iň köp hereket eden oýunçysy boldy. Madridiň “Realynyň” we Urugwaýyň milli ýygyndysynyň oýunçysy meýdançada 72 oýunda 6116 minut sarp etdi. Ikinji orunda “Mançester Ýunaýtediň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Brunu Fernandeş ýerleşdi. Ol 66 oýunda 5796 minut oýnady. Üçlügi “Milanyň” we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Maýk Menýan jemledi. Onuň görkezijisi 63 oýunda 5624 minut boldy. Şeýle-de, bäşlige “Bawariýanyň” we Germaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Ýozua Kimmih (5529 minut, 64 oýun) we “Mançester Sitiniň” hem Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Ýoşko Gwardiol (5459 minut, 64 oýun) girdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir